Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan dürli ugurly mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
Häzirki wagtda sport ulgamy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň netijeli başlangyçlary bu syýasatda mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer taglymlaryna ygrarly bolmak bilen, bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.