Ï Türkmen döwlet maliýe instituty halkara olimpiadanyň netijelerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet maliýe instituty halkara olimpiadanyň netijelerini yglan etdi

view-icon 2518
Türkmen döwlet maliýe instituty halkara olimpiadanyň netijelerini yglan etdi

Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasynyň netijeleri jemlenildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 50-si baýrakly orunlary eýelediler. Ilkinji orunlara talyplaryň 12-si mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Täjik döwlet täjirçilik uniwersitetiniň talyplary Alekseý Bebekin, Saidkosimhon Usmonow, Eraj Jonmamadow, Izattulo Abudulloýew, Gazagystanyň Alyjylar jemgyýetiniň Garaganda uniwersitetiniň talyplary Ýewgeniýa Pospolitak, Temirlan Syzdykow, Tomiris Dameşewa, Akerke Amanžolowa, Russiýanyň G.W.Plehanow adyndaky ykdysadyýet uniwersitetiniň talyplary Darýa Pribylowa we Kira Prodanowa bar.

Ýeňijileriň ýene-de ikisi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleridir. Olar Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Eziz Myradow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ýakut Soltanmyradow.

Baýrakly ikinji orunlaryň 16-sy we üçünji orunlaryň 22-si Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna gowşuryldy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda 10 sany kümüş we 9 sany bürünç baýrak eýeleri kesgitlenildi. Olaryň hatarynda ýokarda ady görkezilen daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Buhara döwlet uniwersitetiniň, Samarkandyň ykdysadyýet we hyzmat institutynyň, Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň, Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň Samarkant şahamçasynyň, Nowaýy döwlet dag-tehnologik uniwersitetiniň, Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetiniň, Nukus innowasiýalar institutynyň talyplary bar.

Ýokarda ady agzalan türkmen ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adynda Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 6 sany ikinji we 13 sany üçünji orunlaryň eýeleri boldular.

Umuman, Olimpiada 6 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Belarusdan ýokary okuw mekdepleriň 26-syndan 100-den gowrak talyplar gatnaşdylar.

Olimpiada aýratynlykdaky bäsleşikler görnüşinde geçirilip, onuň çäklerinde gatnaşyjylara 10 ýumuş hem-de olary çözmäge 2 sagat wagt berildi. Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri boýunça kesgitlenildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girdiler.

Olimpiada zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda talyplaryň nazaryýet bilimlerini çuňlaşdyrmak we olaryň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär bilimi babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.