Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» diýen tema boýunça sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Halkara foruma dünýäniň 14 ýurdundan ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy merkezleriň 84-siniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow açyp, oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan we Moldowadan daşary ýurtly wekiller degişli tema boýunça çykyş etdiler.
Soňra halkara ylmy-amaly maslahat bäş bölüm boýunça: «Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy», «Maldarçylykda biotehnologiýalar», «Biopestisidler we biodökünler», «Bioremediasiýa we ekologiýa howpsuzlygy», «Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak» diýen temalar bilen öz işini dowam etdirdi.
Maslahatda jemi çykyşlaryň 260-sy diňlenildi. Çykyşlaryň has tapawutlananlary bellenilip, olar maslahatyň jemleýji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda oba senagat toplumyndaky ylmy-barlag işleriň sergisi guraldy.
Guramaçylyk toparynyň wekilleri çäräniň netijelerini jemläp, geçirilen maslahatyň ähmiýetini bellediler hem-de şeýle halkara duşuşyklaryň oba senagat ulgamyny ylmy esasda ösdürmek işinde uly orun eýeleýändigini, köp babatda ýokary okuw mekdepleriň ylym we bilim hyzmatdaşlygyny, şeýle hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtadylar.