Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýasunari Kawabata
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýasunari Kawabata

view-icon 1666
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýasunari Kawabata
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz ýapon edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Ýasunari Kawabata barada.

Ýasunari Kawabata ýapon halkynyň tanymal ýazyjysydyr, fransuz sungat we edebiýat ordeniniň serkerdesi 1899-njy ýylda Oska şäherinde lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Kawabata dört ýaşynda maşgalasyny ýitirip ýetim galýar we mekdep-internatyna düşýär. Mekdep ýyllarynda žiwopis bilen meşgullanýar, ýöne 15 ýaşlarynda edebiýata üns berip başlaýar. Soňra ol Tokio uniwersitetine okuwa girip, ony 1924-nji ýylda tamamlap, sungatyň bakalawr derejesini alýar. Kawabata edebiýat döredijiligi bilen meşgullanyp, gazetlerde habarçy bolup hem işläpdir. Takmynan şol döwürlerde onuň «On alty ýaşlynyň gündeligi» hem-de «Ýetimlik duýgusy» diýen irki hekaýalary neşir edilipdir. 

Biraz wagtdan «Idzudan tansçy gyzlar» atly eseri çykanyndan soň, ol meşhurlyk gazanýar we ykrar edilýär.

«Müň ganatly durna», «Garly ýurt», «Köne paýtagt», «Dag beýikligi», «Meýdzin» romanlary onuň esasy eserleri hasaplanylýar.

Ýazyjynyň kitaplary dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Mundan başga-da, ýapon PEN-klubyň başlygy hökmünde Kawabata eserleriň ýapon dilinden dünýäniň halklarynyň dillerine köp sanly terjime edilmegine ýardam berdi.

1968-nji ýylda Kawabata ýapon ýazyjylaryndan ilkinji bolup, «ýapon ruhyny adatdan daşary täsirli beýan edýän hekaýalary ýazmakda ussatlygy üçin» Nobel baýragyna mynasyp bolýar.

Ýazyjy ömrüniň ahyrynda agyr ýarawsyz bolup, 1972-nji ýylda aradan çykýar. Ol aradan çykanyndan iki ýyl geçenden soň, ýazyjynyň hormatyna «Sintýosýa» neşirýaty tarapyndan Ýasunari Kawabata adyndaky edebiýat baýragy döredildi.