Ï Geljekki çaphanaçylar rus dili hepdeligini geçirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljekki çaphanaçylar rus dili hepdeligini geçirýärler

view-icon 2301
Geljekki çaphanaçylar rus dili hepdeligini geçirýärler
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Poligrafiýa önümçiligi, tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy, neşirýat işi boýunça hünärmen taýýarlaýan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde rus dili hepdeligi geçirilýär.

Bu çärä taýýarlyk görmek üçin okuwçylar mekdebiň eýwanyny XIX asyr rus nusgawy ýazyjylarynyň suratlary we olaryň kitap baradaky paýhasly sözleri, şeýle hem eserleriniň gahrymanlarynyň suratlary bilen bezediler. Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryny Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň kitaphanasynyň rus ýazyjylarynyň türkmen we rus dilindäki kitaplary bilen üpjün edendigini bellemelidiris.

– Rus dili hepdeligi okuwçylaryň edebi gözýetiminiň giňemegine, dil endiklerini emele getirmäge we dostlukly ýurduň medeni aýratynlyklary bilen tanyşmaga kömek eder – diýip, guramaçylaryň biri, rus dili mugallymy Jennet Karanowa aýtdy.

Bu hepdäniň çäginde «Dizaýn plýus» HJ-niň halk we amaly-haşam sungat sergisi geçirildi, onuň barşynda amaly-haşam sungat ussatlary diňe zehinli döredijilik adamlaryna mahsus bolan tükeniksiz hyýallaryndan dörän, çeper ellerden çykýan del sungat eserlerini talyplara görkezdiler.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sungat işgärleri bilen duşuşyk talyplar üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Artistleriň käbiri çagalar we uly ýaşly tomaşaçylar üçin üç oýun görkezip, Türkmenabatdan gelşine, wokzaldan göni duşuşyga bardy. Paýtagtyň sungat işgärlerine, hakykatdanam, täsir galdyran zat türkmenabatlylaryň olary otla mündürip ugratmaga gelmegidi.

Magtymgulynyň lybasyny geýen Andreý Pawlow nusgawy şahyryň birnäçe goşgusyny aýdyp berdi. Ol öz çykyşyndan soň Magtymgulyny rus dilinde okamak isleýän çagalara beýik şahyryň setirleriniň owazlylygyny saklamagy başaran Arseniý Tarkowskiniň terjimelerinden peýdalanmagy maslahat berdi we mysal hökmünde şu setirleri aýtdy: «Как боец на ратном поле стрелы слов я слал в народ». Aýlar Baýramowa Anna Ahmatowanyň keşbinde bu zenan şahyryň «Okyjy» goşgusyny aýdyp berdi. «Unutma meni» goşgusyny aktýor Swýatoslaw Lawin şahyr Boris Polişşukyň adyndan okady. Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troiskaýa bolsa kärdeşleriniň çykyşlaryny meşhur «Teatr» monology bilen tamamlady. Aktýorlar okuwçylarda şeýle bir täsir galdyrdy welin, olardan iki adam – Guwanç Sabjanow we Selbi Blohina hem Magtymgulynyň goşgulary bilen köpçüligiň öňünde çykyş etmäge het edip bildiler.

– Biz dynç almak üçin siziň teatryňyza barýarys, ýöne siz mekdebimize gelip, bize ajaýyp duýgulary bagyş etdiňiz – diýip, mugallym G.Öwezgeldiýew Puşkin teatrynyň aktýorlaryna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Rus dili hepdeligi okan kitabyny iň gowy suratda gürrüň bermek ýa-da göwnünden turan goşgyny labyzly okamak boýunça okuwçylaryň arasynda geçiriljek bäsleşik bilen tamamlanar. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatly sowgatlar gowşurylar.