Ï Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri iş sapary bilen Fransiýada boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri iş sapary bilen Fransiýada boldular

view-icon 2052

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we hünärmenleri 20–27-nji noýabry aralygynda iş sapary bilen Fransiýa Respublikasynda boldular.

Saparyň maksady innowasion sanly tehnologiýalary, emeli aň tehnologiýalaryny, maglumatlary goraýyş serişdelerini okuw-usulyýet we ylmy-barlag işlerine ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen giňişleýin tanyşmakdan ybarat. Iş sapary geljek üçin möhüm wezipeleriň biriniň, esasan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze gurulýan toplumynyň okuw otaglaryny, tejribe we ylmy-barlag barlaghanalaryny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak baradaky wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Iş saparynyň dowamynda Türkmen mugallymçylyk institutynyň wekilleri Sorbon institutyna, Parižiň şäher uniwersitetine, Pariždäki Amerikan işewürlik merkezine baryp gördüler. Fransiýanyň okuw mekdeplerinde türkmenistanly myhmanlar häzirki zaman sanly bilim gurşawyny döretmek we ulanmak, okuw işinde sanly serişdeleri, emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanmak baradaky meselelere giňişleýin garamaga hem-de öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmen hünärmenleri nazary we amaly okuwlaryň guralyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite bilim maksatnamalary okuw işlerine ornaşdyrmakda täze döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Fransiýanyň okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hünärmenleriniň arasynda sanly ulgam arkaly okatmagyň okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw işlerini dolandyrmagyň öňdebaryjy usullary barada özara pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar şu hem-de beýleki möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ylym we bilim, häzirki zaman innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak ulgamlarynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş saparynyň netijeleri boýunça emeli aň hem-de IT-tehnologiýalar ulgamynda okuw işlerine fransuz kärdeşleriň tejribelerini geljekde öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk wezipeler hem-de meýilnamalar kesgitlenildi.