Ï Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi

view-icon 1311
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk gününi hem-de ýetip gelýän Täze – 2025-nji ýyl baýramyna bagyşlanylyp, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ringi geçirildi.

Intellektual bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 15-siniň 100-e golaý talyplary duşuşdylar. Her ýokary okuw mekdepden düzüminde 6 talyp bolan 1 topar gatnaşdy. Degişlilikde, bäsleşige 15 topar gatnaşdy. 

Bilgirleri goldamak hem-de bäsleşigiň barşyna syn etmek üçin şol gün ýokary okuw mekdebe köp sanly tomaşaçylar – gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplary, ätiýaçlykdaky toparlary hem-de çäräniň beýleki myhmanlary ýygnandylar. 

Akyl-paýhas bäsleşiginiň dowamynda gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Bitaraplygyna, onuň döwletdäki hem-de onuň çäklerinden daşardaky ähmiýetine we eýeleýän ornuna hem-de Täze ýyly baýram etmegiň taryhyna we däplerine degişli dürli gyzykly sowallar ýaňlandy.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň düzgünleri boýunça pikirlenip ara alyp maslahatlaşmak we jogap bermek üçin toparlara 1 minut wagt berildi. Şoňa görä-de, gatnaşyjylar biri-birinden öňürtmek üçin alyp baryjynyň sowallaryna örän tiz jogap bermäge çalyşdylar. Toparlar özaralarynda bäsleşdiler, her topar wagta we netijä uly üns bermek arkaly özüni örän işjeň hem-de depginli alyp bardy. 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary bäsleşikde birinji orun eýeledi. 

Eminler ikinji orny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berdiler. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçünji orny paýlaşdylar. 

Bäsleşigiň meýdançasynda guramaçylara we oňa gatnaşyjylaryň özlerine örän gyzykly, owadan we özüne çekiji, hakykatdan-da, baýramçylyk ruhuny döretmek başartdy. Netijede, hemmeler çäräden kanagatlandylar. 

Guramaçylyk toparynda bellenilişi ýaly, breýn-ringe gatnaşmak isleýänleriň örän köplügi, olaryň işjeňligi, bolup geçýän wakalara uly gyzyklanmalary bilen ýakymly haýran galdyrdy we begendirdi. Şeýle bolansoň bäsleşik, dogrudan-da, açyk, köpçülikleýin, şowhunly we baýramçylyk ruhunda geçdi, ol meýilleşdirilişi ýaly, hemmeleriň ýadynda galdy. 

Çäräniň ahyrynda ýokary okuw mekdepde ýeňijiler sylaglanylyp, olara Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diplomlary hem-de bäsleşigiň hemaýatkärlerinden sowgatlar gowşuryldy.