Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň esasy baýramçylyklarynyň biri mynasybetli mekdep-internatyň okuwçylary baýramçylyk konsertini taýýarladylar. Okuwçylar Watana çäksiz buýsanç we söýgi duýgusy bilen türkmen şahyrlarynyň goşgularyny okadylar, halk aýdymlaryny we tanslaryny, häzirki zaman aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda, şeýle hem mekdep durmuşynyň ýatdan çykmajak we gülkünç pursatlaryny görkezýän gülkünç sahnalar hem görkezildi.
Mekdep baýramyna gatnaşyjylara we myhmanlara süýji hem-de datly milli tagamlar hödürlendi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň adyndan döredijilik we medeni çärelere işjeň gatnaşan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
«Biz mydama ýaşlara her milli baýramçylygyň ýokary ähmiýetini we many-mazmunyny düşündirýäris, olary mekdebimizde giňden belleýäris. Şeýle çärelerde okuwçylaryň milli däp-dessurlar, halkymyzyň medeniýeti we ýurduň taryhy barada düşünjeleri has-da artýar» – diýip, çäräniň guramaçylary, mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça hünärmenleri Bezirgen Muhammedow we Annagül Rahymowa bellediler.
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty döwlet we halkara derejesinde ders hem-de döredijilik bäsleşiklerinde ajaýyp netijeleri görkezýän zehinli okuwçylary bilen tanalýar. Mekdep-internatynda çagalaryň gowy bilim almagy, olaryň ruhy we beden terbiýesi, sazlaşykly ösmegi we ýaşlaryň başarnyklaryny durmuşda ýerlikli ulanmagy üçin ähli şertler döredilen.