Ï Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda rapid boýunça geçirilen Aziýa birinjiliginde iki medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda rapid boýunça geçirilen Aziýa birinjiliginde iki medal gazandylar

view-icon 1466
Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda rapid boýunça geçirilen Aziýa birinjiliginde iki medal gazandylar
camera-icon
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyňky

Lebap welaýatyndan bolan türkmen küştçüleri Maksat Öwlýägulyýew we Aýa Baýramowa dagy Bangkokda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen rapid boýunça Aziýa birinjiliginde iki kümüş medal gazandylar.

«Rapid» – bu pikirlenmek üçin berilýän wagtyň çäkliligi sebäpli çalt oýnalýan küşt oýnunyň bir görnüşidir, bu ýerde her bir oýunça her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen, tutuş oýna 15 minut wagt berilýär.

Taýlandyň paýtagtynda geçirilen bäsleşige 31 ýurtdan 555 okuwçy gatnaşdy. Olar 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli alty ýaş toparynda «Iň ökde» diýen at ugrunda bäsleşdiler.

12-nji belgi bilen çykyş edýän Maksat Öwlýägulyýew 9 ýaşa çenli oglanlar toparynda kümüş medal gazandy. 4-nji belgi bilen çykyş edýän gazagystanly Amirjan Anetow hem şonça utuk gazandy, ýöne ol şahsy oýunda ýeňiş gazanandygy sebäpli, iň ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy. Bürünç medaly bolsa gazagystanly başga bir küştçi – öňde barýanlardan ýarym utuk yza galan 5-nji belgili Alihan Nazarbek aldy.

9-njy belgi bilen çykyş edýän 10 ýaşly Aýa Baýramowa 11 ýaşa çenli gyzlar toparynda kümüş medal gazandy. Mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, ol diňe ýaryşyň ýeňijisi hytaýly Peň Žiňýiden (3 belgili) bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. 1-nji belgili russiýaly Wiktoriýa Mahina bolsa 5 utuk bilen ilkinji üçlügiň soňky hataryny eýeledi.

Ildeşlerimiz Mary welaýatyndan Alihan Batyrow we Lebap welaýatyndan Serdar Baýramowa şowlulyk miýesser etmedi, olar goşmaça görkezijilere görä, medallara bir ädim ýetmediler.

11 ýaşa çenli oglanlar toparynda hindistanly küştçüler Narendra Agarwal (10-njy belgi) we Eýran Yslam Respublikasyndan gelen Ramtin Kakawand (1-nji belgi) dagynyň hersi 6 utuk toplap, degişlilikde, 1-nji we 2-nji orny eýelediler. Bürünç medal gazanan dört küştçiniň hersi 5,5 bal gazandy. Olaryň arasynda 4-nji belgili Alihan-da bardy. Ýöne ýeňişleriň gara reňkdäki goşmaça görkezijileri has köp bolany üçin bürünç medal gazagystanly küştçi Ibrahim Bakyta (11-nji belgi) ýetdi, Alihan bolsa soňky netijede 6-njy orny eýeledi.

17 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 5,5 utuk toplap, 1-nji we 2-nji ýerleri, degişlilikde, filippinli FIDE ussady Arka Kristian (3-nji belgi) we mongoliýaly FIDE ussady Ulzikhişig Khishigbat (10-njy belgi) aldy. Bürünç medal ugrunda bäsleşen 5 oýunçynyň arasynda 15 belgili Serdar Baýramow hem bardy. Ol öňündäkilerden ýarym utuk yza galdy. Emma ýeňiş sanynyň köplügine görä, medal Mýanmaly FIDE ussady Saý Han Thihe (6-njy belgi) berildi. Serdar altynjy orny eýeledi.

Biziň küştçülerimiziň arasynda Mary welaýatyndan 7 ýaşly mekdep okuwçysy Anna Çaryýewa hem gowy çykyş edip, 5 utuk bilen 6-njy orny eýeledi.

«Rapid» formatynda toparlaýyn ýaryşda Türkmenistan 31 ýurduň arasynda 7-nji orny eýeledi. Birinji orunda – 5-si altyn bolmak bilen, 9 medal gazanan Gazagystan, ikinji orunda – Hytaý, üçünji orunda bolsa halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) baýdagy astynda bäsleşen Russiýa bar. Şeýle hem birinji onluga Hindistan (4-nji ýer), Filippinler (5-nji ýer), Özbegistan (bir altyn medal bilen 6-njy ýer), Mongoliýa (8-nji ýer), Wýetnam (9-njy ýer) we Eýran (10-njy ýer) girdi.