Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenýär

view-icon 1669
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenýär

9-13-nji dekabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär biliminiň işgärleri üçin Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynda tejribeleri öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn okuw çäreleri we duşuşyklary guraldy.

Çärä Türkmenistandan Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Infokommunikasiýa» hünär-tehniki mekdebiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Okuw maksatnamasy Hytaýyň Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň Bilim departamentiniň ýolbaşçylarynyň, Aziýa ösüş bankynyň Adam we durmuş taýdan ösüş bölüminiň direktory Sofia Şakiliň ýolbaşçylygyndaky toparyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär bilimi ulgamynyň işgärleriniň bilelikdäki iş maslahaty bilen açyldy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň orta hünär ulgamynda bilimiň hilini we depginlerini ýokarlandyrmak, dolandyrmagyň düzgünleri, kadalaşdyryjy hukuk namalar we pudaklaýyn edaralaryň hyzmatdaşlygy diýen temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda orta hünär bilimiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman tehnologiýalar bilen yzygiderli enjamlaşdyrmaga, şeýle hem täze innowasion okuw binalaryny gurmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Bularyň böleginiň maliýeleşdirilmegi Aziýa ösüş banky tarapyndan amala aşyrylýar.

Soňra ähli gatnaşyjylar üçin Guansi hünär-tehniki kollejinde tanyşdyryş duşuşyklary geçirildi. Wekiliýet sergi zallaryna, robot tehnikalarynyň, VR-iň we AR-iň ulanylmagy bilen önümçilik işlerini öwretmek üçin döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen barlaghanalara baryp gördüler. Kollejiň ýolbaşçylary, mugallymlary hem-de talyplary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bu mümkinçilikleriň ýaşlary okatmak üçin täze şertleri döredýändigini buýsanç bilen nygtadylar.

Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň Nannin şäherinde ýerleşýän Guansi elektrotehniki-politehniki institutynda çärä gatnaşyjylar onuň binýadynda hereket edýän orta hünär mekdepleriň ýedisiniň aýratynlyklary hem-de bilelikdäki işleri bilen tanyşdyryldy. Bilim edaralarynda myhmanlar elektroenergetiki tehnologiýalaryň guralyşy, ulagyň logistikasy babatda innowasion çözgütleriň öwrenilişi, gaýtadan dikeldilýän energiýa üçin enjamlaryň önümçiliginiň ýola goýulyşy, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim alýan talyplaryň dünýä tejribesini özleşdirişleri barada we başga-da birnäçe çykyşlar üsti bilen tejribeler paýlaşyldy. 

Maksatnamanyň jemleýji günlerinde çärä gatnaşyjylary okatmagyň ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda döredilen mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen Luçžou şäheriniň demirýol hünär-tehniki okuw mekdebine hem-de politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky orta hünär okuw mekdeplerine baryp görmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Guilin syýahatçylyk uniwersitetine sapar meýilleşdirilip, şol ýerde Merkezi Aziýanyň wekiliýetleri üçin ýokary okuw mekdebiň gazananlaryna, onuň dolandyryş ulgamyna we häzirki taslama işlerine bagyşlanylan tanyşdyryş çäreleri geçirler.