Ï Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň gahrymanlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň gahrymanlary

view-icon 1230
Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň gahrymanlary
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Häzirki wagtda ýurdumyzda işleri gowy tanalýan we halanylýan dört keramikaçy bar. Olar Solmaz Muhammedowa, Maral Ataýewa, Gülýara Babaýewa we Dilber Umarowa. Olaryň hersiniň döredijilikde öz ugry bar. Bu keramikaçylaryň usul-tilsimi biri-biriniňkiden saýry gelýär.

Bu gün biz Maral Ataýewanyň ussahanasyna baryp gördük. Ussahanasynyň gapysynda henizem «Ýarly Baýramowyň ussahanasy» diýen ýazgy bar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramow birnäçe ýyl ozal aramyzdan gitdi, ýöne Maral Bagşyýewna adamsynyň hatyrasyna ýazgyny üýtgetmedi. Netijede olaryň bilelikdäki ussahanasy tanymal nakgaşyň kiçi muzeýine öwrüldi. Ýarly Baýramowyň Modiglýaniniň eserleri usulynda çeken Maral Bagşyýewnanyň portreti ussahana gireniňden ilki göze ilýär. Portreti düzedesiň gelýär, ýöne beýtmeli däl, sebäbi şu durşy hem gaty gowy. Onuň gapdalynda Ýarly bilen Maral ikisiniň ýaş hem owadan döwründäki maşgala suraty bar.

Iş bilen köp suratkeşiň ussahanalaryna barýaryn, ýöne şeýle arassalygy ilkinji gezek görýärin. «Döredijilik adamsyna mahsus bulam-bujarlyk» diýleni Maral Ataýewanyň ussahanasyna degişli däl. Bu ýerde her zat edil muzeýdäki ýaly öz ýerinde dur ýa-da asylyp goýlan. Ýarly Baýramowyň suratlary diwarlary tutup dur, Maral Bagşyýewnanyň işleri bolsa äpet tekjäniň üstünde birnäçe hatar edilip goýlupdyr.

Daşyndan baksaň tekçe köp sanly gahrymanly şadyýan multfilmi ýada salýar. Olara seretseň, Maral Ataýewa kinoanimatory hökmünde ukybyny ulanmadyk ýaly duýgy döreýär. Ýokarky tekjeden şadyýan birnäçe özboluşly kompozisiýalarda bize bakýarlar. Işleriň birinde bezzatja oglanjyklar ellik barmaklarynda – ýagny gurjak teatrynda, beýlekisinde şadyýan dört dogan biri-biriniň üstünde geçä münüpdirler.

Beýleki tekjelerde türkmen zenanlarynyň dekoratiw şekilleri, jübüt aşyklar, gelinalyja gatnaşýan köşejik, ussatlara mahsus tilsimde ýasalan gap-gaçlar we güldanlar, şeýle hem dadaizm usulynda atlar we reňbe-reňkli zolakly köp sanly gelşiklije pişikler bar.

Maral Ataýewa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Çeperçilik galereýasyndaky modern sergide 14 işini goýdy. Sergide görkezilýän işleri bilen tanyşdyk hem-de onuň ussahanasyna baryp gördük.