Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda ilkinji gezek türkmen suratkeşleriniň modern usulynda çeken suratlarynyň we keramiki işleriniň sergisi geçirilýär.
Bu usulyň döränine 100 ýyldan gowrak wagt geçse-de, oňa henizem häzirki zaman sungaty diýilýär. Realizmden tapawutlylykda bu usulda işleýän suratkeşleriň eserleri düşnükli däl. Muňa garamazdan, olar suratkeşler üçinem, tomaşaçylar üçinem gaty özüne çekiji ýörelge.
Bu gün ýaş suratkeşleriň sekizisi we bir keramikaçy Sungat galereýasynda öz eserlerini görkezdiler. Serginiň özboluşlylygy, işleriň ähli görnüşinde diýen ýaly modern usuly ulanylypdyr. Sapa Pürliýewiň «Hereket» atly suraty kubizmiň aýdyň mysalydyr. Ýönekeý geometrik zatlaryň kompozisiýasyny owadan görkezýär. Kwadratlar biri-biri bilen reňki boýunça sazlaşyp, göze gelüwli umumy toplumy döredýär. Altyn kwadratlary güneşli gün hasaplasaň, garalaryny gije diýip alsaň, onda ol geçip duran wagty aňladýar. Belki-de, awtor eserine çuň ähmiýet bermäni, geometrik abstraksiýa hökmünde seredilsin diýendir. Ýok, beýle däl ekeni! Sapanyň aýtmagyna görä, altyn kwadratlar onuň hut özi, garalary bolsa Malewiç. Şundan soň, suratyň adyny «Menden Malewiçe çenli» diýip üýtgedesiň gelip dur.
Dürli şekilli mozaikalardan «Bir kursdaşymyňkyda» we «Tans» ýaly suratlaryň awtory hökmünde tanalýan nakgaş Gahryman Goçmyradow bu sergä sýurrealistik usulda döreden «Görogly» şadessanyna surat bezeglerini hödürläpdir.
Rüstem Abdyllaýew bu sergide iň işjeň nakgaşdyr. Romantiki äheňde döredilen «Altyn balyk» işi barada şeýle diýýär: «Aýalym meniň ylham çeşmäm. Şükür, bagtym çüwdi – altyn balygymy tutdum. Ol meniň tylym, meniň bagtym». Gelniň ýüzünde: «Men muňa kän garaşdym» diýen pikir göze ilýär. Surat söýgi ummanynda açyk güneşli reňkde çekilipdir, onda balyklar aşyklara mähir bilen bakýarlar.
«Ilkinji alma» atly başga bir eserinde Rüstem almany dik bölüp, onuň tohumlaryny görkezýär. Awtor tomaşaçynyň hakydasyny Adam ata bilen How enäniň döwrüne ataryp, alma täze daragtyň şinesini goýdy. Nakgaş pikirlerini beýan etmek üçin simwolizm usulyny ulanýar.
«Parahatçylyk we bulam-bujarlyk» atly üçlüginde Rüstem Abdyllaýew batyrgaýlygy aňladýan öküziň şekili arkaly diňe zenanyň erkek kişä erk edip bilýändigi barada pikir ýöredýär. Dünýäde zenanlar bolmadyk bolsa, onda bulam-bujarlyk höküm sürerdi. Üçlükde şeýle many çykarylmagy, zenanlaryň göwnünden turýar. Suratlarda impressionizmiň we sýurrealizmiň aýratynlyklary göze ilýär.
– Modern diýlende nakgaşyň täzeçe pikirlenişi we täzeçe garaýyşlary diýip düşünmeli – diýip, Rüstem Abdyllaýew eserlerini teswirlände aýtdy. – Durmuş şol gidip dur, şonuň üçin onuň sungatda beýan edilişi hem üýtgeýär.
Zakirjan Babaýewiň «Mankurt» suraty realizm žanrynda çekilipdir, ýöne Zakirjan gahrymanynyň keşbine şeýle bir köp jebirdir ejir salypdyr welin, Çingiz Aýtmatowyň «Asyrdan uzaga çeken gün» romanynda beýan edilen Mankurtyň ýürek yzasyndanam has çökder görünýär. Eseriň tilsimi ekspressionizme golaý.
Çarymyrat Ýazmyradowyň abstraksiýa usulynda döreden «Çagalyk» suraty ýakymly täsir galdyrýar. Suratkeş çagalygynda ýatda galan ajaýyp ýatlamalaryny, özüne mährem adamlarynyň keşbini, hemem baky ýatda galan şadyýan wakalary beýan edýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň keramiki işleriniň 14-si sergä özboluşly bezeg berdi. Tomaşaçylaryň ilki gözi ilýän «Seljuklar» atly üç sany nepis gaply installýasiýasydyr. Elde kagyzdan ýasalan papirusa meňzeýär. Ol awtoryň beýan edýän temasynyň gadymydygyny nygtaýar, gyzyl tegmilli altyn çaýylan abstrakt surat şol taryhy döwürlere mahsus bolan kaşaňlygy görkezýär.
«Erkek we zenan» atly installýasiýa ak we gara mermerden ýasalan iki şekilden ybarat. Şekilleriň sudury erkekdir zenana çala meňzeýär. Şol bir wagtyň özünde zenan keşbinde nepislik görkezilse, erkegiň keşbinde bolsa gujur-gaýrat we goraga taýynlyk duýulýar. Iki şekilem abstraksiýa usulynda ýasalypdyr.
– Türkmen halysynyň göli abstraksiýa usuly salgy berdi – diýip, Maral Bagşyýewna modern usulyny saýlamagyny düşündirýär. – Halynyň käbir elementleri meni modern usulynda şekil döretmäge ruhlandyrdy. «Ene» atly iki sany şekili alyp göreliň. Ondaky haly elementini gördüňizmi? Näme üçin men ak we gara mermer ulanýaryn? Meniň pikirimçe, bu gapma-garşylyk keşplerimiň özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.
Eserleriň biri ganatly ata atlanan zenan keşbi dadaizm usulynda şekillendirilipdir. Men oňa awtoryň awtoportretidir öýtdüm, ýöne Maral Bagşyýewna meniň pikirimi üýtgetdi – bu eser özüni döredijilige bagyş eden zenanlara niýetlenen diýdi. Çünki ylham hemmä gerek.
Modern usulyndaky işleriň sergisi žiwopis muşdaklaryna, ozaly bilenem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we çeperçilik orta hünär mekdebiniň talyplaryna niýetlendi, sergi olara suratkeşleriň dürli usulda öz garaýşyny beýan edişini öwrenip boljak okuwdan daşary sapak bolar.