Ï Mary welaýatynyň nakgaşlaryň ýokary döredijilik derejesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynyň nakgaşlaryň ýokary döredijilik derejesi

view-icon 822
Mary welaýatynyň nakgaşlaryň ýokary döredijilik derejesi
camera-icon
Ahmet Taňrygulyýew

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Mary welaýatynyň suratkeşleriniň işleri bilen hünärmenleriň we sungat söýüjileriň köpden bäri garaşýan duşuşygy boldy. Sergide merkeziň iki gatyny-da eýeleýän 196 surat we heýkel işleri görkezildi.

Mary suratçylyk mekdebi elmydama öňdäki hatardady. Belki-de, muňa umumy ykrar edilen ileri tutulýan ugurlara garamazdan, şahsy islegleriň çäginde üstünlikli işlän Türkmenistanyň halk suratkeşleri Kössekmyrat Nurmyradowyň we Annadurdy Myradalyýewiň döredijiligi itergi berendir: beýleki nakgaşlar-da gadamlaryny şolaryňka deňlediler. Şeýlelik bilen, hil görkezijisini ýokary galdyrmak başartdy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan her ýyl mynasyp bäsdeş bolup biljek zehinli ýaş hünärmenler uçurym bolup çykýar. Şonuň üçin-de hasabat sergisi döredijilikde ýokary dereje üçin synag ýaly bir zatdyr. Kössekmyrat Nurmyradow «Kiçi etrapça» («Mikroraýon») atly işi bilen ýene-de tomaşaçylaryň göwnünden turdy: suratda häzirki zaman uslybynda gurlan köp gatly beýik ýaşaýyş jaýy görkezilýär, ol şeýle bir uly welin, ähli tarapdan suratyň çäginden çykýar. Dürli reňklere boýalan jaý köp sanly «dogry» we «nädogry» penjireler – gurluşyk abstraksiýasy bilen tomaşaçylara seredip dur.

Merdan Paýtykow «Arzuw» işini futurizm usulynda ýerine ýetiripdir. Onuň suratynda howul-hara çekilen üstünde reňk goýulýan tagta, tagtanyň ýokarysynda bolsa birnäçe hakyky çotga asylgy dur. Kimdir biri, belki-de Merdanyň özi, gowy suratkeş bolmak islegi bilen köýýändir.

Suratkeş Gylyçmyrat Gurbanow «Çaýhana» we «Oba manzary» suratlarynda özüni manzaraçy ussat hökmünde görkezipdir. Jumadurdy Hojanyýazowyň «Bagşy» suratynda duýgularyň hetdenaşa dartgynlylygy beýan edilipdir.

– Suratkeş çeken suratlaryny görkezmän bilmez – diýip, Annadurdy Myradalyýew aýdýar. – Sergilere gatnaşmak nakgaş üçin baýramdyr, işiniň köpçüligiň ünsüni çekýändigini görmek bolsa goşa baýramdyr.

Annadurdy Myradalyýewiň sergilerde gyzyklanma döretmedik işi ýok. Onuň işleriniň arasynda «Gyzyl şarly gyz» atly täze suraty peýda boldy.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan suratlardan Göwher Hydyrowanyň «Magtymguly» atly suraty iň gowy iş bolsa gerek.

Mary welaýatyndan heýkeltaraş Muhammetnyýaz Öwezalyýew birnäçe gyzykly iş görkezdi. Şolardan biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýedi Medetowyň kiçi heýkeli. Heýkeltaraş asyl nusganyň daşky görnüşine iň ýokary meňzeşligi gips bilen gazanmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň beýleki işi – «Nagyş sapagy» heýkeli. Onda bir ene gyzyna owadan milli keşde çekmegi öwredýär. Üçünji işi bolsa – çopan iti. Bu suratda türkmen alabaýy gurt bilen garpyşykda şekillendirilipdir.

– «Welaýat suratkeşleriniň döredijiligi» atly taslama Mary welaýat suratkeşleriniň eserleriniň sergisi bilen tamamlanýar – diýip, Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň başlygy Çary Ýazmyradow aýdýar. – Taslama şekillendiriş sungatyny söýüjilere 1300 sany iş bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işleýän ýaş suratkeşlerde öz eserlerini köpçülige görkezmek we özüniň döredijilikdäki keşbini beýan etmek üçin hakyky mümkinçilikler döredi. Taslamanyň iň möhüm wezipesi häzirki zaman suratkeşlerini tolgundyrýan zady görkezmekdir.