Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine resmi taýdan kabul edildi.
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy K.Zakirýanow tarapyndan institutyň wekili, Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary S.Gurdowa degişli güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny birleşigiň düzümine girizmek baradaky çözgüt Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde kabul edildi. Şol mejlise türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäre 18-nji dekabrda Almaty şäheriniň Sport we syýahatçylyk Gazak akademiýasynda geçirildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň abraýly halkara birleşigine goşulmagy ylym we bilim ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini, bedenterbiýe we sport, türgenleri ylmy taýdan taýýarlamak babatda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny netijeli öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen bedenterbiýe we sport ugruna ýöriteleşen dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 60-dan gowragyny özünde birleşdirýär. Birleşigiň esasy maksady bedenterbiýäniň we sportuň dünýä derejesinde ähmiýetini artdyrmakdan hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň işi bedenterbiýe we sport ulgamynda bilimi kämilleşdirmäge, dünýäniň uniwersitetlerinde okuw maksatnamalaryny täzelemäge, tejribe alyşmaga we ylmy barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem birleşik halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär, ýokary okuw mekdepleriň arasynda taslamalary goldaýar hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda täze usullary we tehnologiýalary ornaşdyrýar. Birleşigiň yzygiderli geçirýän halkara maslahatlary, okuw çäreleri hem-de simpoziumlary sportuň depginli ösdürilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerine ylmy-usulyýet tarapdan goldaw berilmegini üpjün edýär.