Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň III oýnunyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň III oýnunyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 217
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň III oýnunyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamanyň IV möwsüminiň III oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Düzgüne laýyklykda, bu möwsümiň III oýnuna Aşgabat şäherindäki, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky orta mekdepleriň 12-nji synp okuwçylarynyň sekizisi gatnaşdy.

Okuwçylar üçin «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk döredijilik dialogynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň güýji» diýen tema boýunça gyzykly we çylşyrymly ýumuşlar taýýarlanyldy. Taslamanyň IV möwsüminiň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy – netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilýändigini ýatlatmak ýerlikli bolar.

Bäsleşigiň eminler toparyna Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri Gyzylgül Tagandurdyýewa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew wekilçilik etdiler.

Bäsdeşlik ruhunda geçen özüne çekiji duşuşygyň çäklerinde ýaş zehinler özleriniň bilimlerini, ukyplaryny we taýýarlyklaryny eminlere ynamly görkezdiler. Okuwçylaryň her biri öz pikir-garaýşyny ileri tutdy we ýeňiji diýen at ugrunda mynasyp göreşdi.

Dartgynly bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Atajan Atadurdyýew hem-de paýtagtymyzdaky 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Baýmyradow ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Däp boýunça ýeňijiler we duşuşyga gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlaryny hem-de çäräniň hemaýatkärleri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýasynyň sowgatlaryny aldylar.

Institutyň okuw studiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymynyň wekilleri oýny bilelikde ýazgy etdiler. Bäsleşik teletomaşaçylar üçin ýakyn günlerde görkeziler.