Ï Teatryň çagalara Täze ýyl sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatryň çagalara Täze ýyl sowgady

view-icon 484
Teatryň çagalara Täze ýyl sowgady

Diýarymyza zer-zynata, arzuwlara beslenip, Täze ýyl gelýär. Täze ýylda her kişi bu baýramçylygy kalplary galkyndyrýan ýatda galyjy täsirli wakalar bilen bezäsi gelýär.

Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalar üçin bolsa, Täze ýyl iň şatlykly, naýbaşy baýrama öwrülýär. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli çagalaryň kalbynda hemişelik galar ýaly şowhunly, täsirli çäreleriň uly toplumy körpelerdir ýaş nesillere hödürlenýär. Bu babatda ertekileri, dürli oýunlary, degişmeleri sahnalaşdyryp, çagalaryň kalbyna şatlyk paýlaýan Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň zähmetini aýratyn belläp geçmek bolar.

Ynha, şu ýyl hem teatryň artistleri täze, 2025-nji ýyl mynasybetli Şöhrat Maşaripowyň «Kim hazynaň eýesi?!» atly ertekisini sahnalaşdyryp, çagalara hödürlediler. Täze ýyl ertekisini sahna çykarmak ýaş, zehinli režissýor Suraý Rahmanowa ynanylypdyr. Özüniň uly sahnada ilkinji işidigine garamazdan ýaş hünärmeniň yhlasa ýugrulan zähmetiniň ýerine düşendigini öňünden aýtmak bolar. Erteki oýundaky wakalar Köýtendagyň jeňňelinde, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda bolup geçýär.

Adaty bolşy ýaly bu ertekide hem esasy gahrymanlar haýwanlar. Ine, oýny goýujy režissýor üçinem, haýwanlaryň keşbini janlandyrýan aktýorlar üçinem zehin synagy. Sowuk howada jeňňele çykan taýharyň, bu ýerde oňa duşan aç möjegiň, soňra wakalara goşulýan tilkidir towşanyň, erteki-spektaklda atlandyrylyşy ýaly ýylanbikäniň keşplerine giren ýaş artistler Kakajan Taýlyýewe, Bagtyýar Dolyýewe, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aýsenem Nazarowa hem-de Bagsere Röwşenowa olaryň häsiýetlerini ynandyryjylyk bilen açyp görkezmek başardypdyr. Taýhar bilen aç möjegiň, tilki bilen towşanyň arasyndaky dartgynlygyň ugurtapyjylyk bilen çözülmegi, olaryň syrly hazynanyň sakçysy ýylana gabat gelmekleri, diňe bir çagalary däl, eýsem, uly ýaşly adamlary hem dartgynly pursatlaryň näme bilen gutarjakdygy barada oýlandyrýar.

Tamamlanyp barýan we geljek ýyl bilen baglanyşykly balygyň hem-de ýylanyň keşpleriniň bolmagy, spektaklyň ýene-de bir utuşly tarapydyr. Täze sahna oýnunda gülküli pursatlaryň, şadyýan tanslaryň özüne imrindirýändigini bellemek bolar. Şeýle hem häsiýetleriniň gapma-garşy gelýändigine garamazdan islendik ýagdaýda-da agzybirligiň, dostlugyň üstün çykýandygyny teswirlemek terbiýeçilik taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Spektakldaky wakalaryň Täze ýyl arçasynyň daşynda Aýazbabanyň (Döwlet Haýtgulyýew) hem-de Garpamygyň (Umyda Hemraýewa) gatnaşmagyndaky şowhunly aýdym-sazlar bilen tamamlanmagy kalplara baýramçylyk ruhuny çaýýar. Erteki-spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň, saz bezegini amala aşyran Ruslan Hemraýewiň hem zähmetleriniň ýerine düşendiklerini aýtmak bolar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny çagalara Täze ýyl sowgady – şowly çykan täze spektakly bilen gutlap, şeýle sahna eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.