Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa gutlag sözi bilen açdy. Ol gysgaça çykyşynda Gündogaryň beýik şahyrynyň durmuş ýoly we döredijilik mirasy barada gürrüň berdi. Institutyň talyplary, mugallym-professorlar düzümi we maslahatyň köp sanly myhmanlary institutyň ýolbaşçysynyň çykyşyny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Soňra Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Magtymguly Pyragynyň eserlerini hytaý dilinde neşir etmegiň ähmiýeti we wajyplygy barada gyzykly hasabat berdiler.
Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng we Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rus dili fakultetiniň dekany Dai Guinzun wideo aragatnaşygy arkaly zalda oturanlara hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çykyş eden mugallymlary kitabyň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostluk hem doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekdäki ähmiýetini bellediler.