Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine ilkinji bolup, iş bilen jogap berenleriň biri boldy.
Eýýäm 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi geçirildi. TSB-niň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowa: – Öňümizdäki ýylda ýurdumyzyň baş sergi meýdançasynda sungat söýüjilerine näme garaşýar? – diýen sorag bilen ýüzlendik.
– Men, ilki, biziň geçen ýylda bitiren işlerimiz barada gürrüň etmegi teklip edýärin – diýip, Çarymyrat Ýazmyradow gürrüňe başlady. – 2024-nji ýylda Türkmenistan we bütin dünýä jemgyýetçiligi akyldar we watanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň gerimde belledi. Sergi merkezimizdäki şekillendiriş sungaty sergileriniň aglaba köplügi şu senä bagyşlandy. Olaryň iň täsirlilerinden biri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly sergidir. Bu sergä gatnaşan her suratkeş öz eserini şahyryň döredijiliginiň bir sözünden ylham alyp döredipdir. Suratkeşi tolgundyran goşgy setiri ýa eseriň adyna öwrüldi, ýa-da eser goşgynyň şekili boldy. Mahlasy, şygryýet bilen şekillendiriş sungatynyň arasynda jebis galtaşyk döredildi. Biz bu sergide Magtymgulynyň döredijiligine has-da ýakynlaşdyk.
– 2024-nji ýylda sungat söýüjileriň gözüniň öňünden beýik akyldaryň şeýle köp portreti we kiçi heýkeli geçdi welin, eger umumy sany hasaplansady, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizmek üçin ýüz tutmak bolardy. Olaryň arasynda örän şowly çykanlary-da bardy. Mysal üçin, Çingiz Töräýewiň galam bilen çeken grafiki portreti.
– Men siziň bilen ylalaşýaryn. Şol bir wagtyň özünde, geçen ýylyň başga gyzykly wakalar bilen-de ýatda galandygyny belläsim gelýär. Mysal üçin, TÜRKSOÝ-nyň II teatr festiwalynyň çäginde geçen halkara biýennale, ýagny iki ýylda bir gezek geçirilýän festiwal. Türkiýeli, özbegistanly, gazagystanly, azerbaýjanly we gyrgyzystanly suratkeşleriň Türkmenistan barada etýudlary görkezilen biýennale ýaly sergi ilkinji gezek biziň ýurdumyzda geçirildi. Bu sergi dürli mekdeplere degişli suratkeşleriň şol bir mowzugy beýan etmäge nähili çemeleşýändigini görkezdi. Magtymgulynyň hakyky diýlip kabul edilen portretini dünýä beren Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan sergi tomaşasyna gelenleriň ummasyz köplügi bilen ýatda galdy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda geçirilen «Modern» atly sergi jemgyýetde uly seslenme döretdi.
Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalarynyň çykyşlary bilen bilelikde geçirilen portret žanryndaky eserleriniň sergisi unudylmaz waka boldy. Çagalar ajaýyp portretleri görkezmek bilen, sergä gelenleriň ählisini geň galdyrdylar. Şeýlelikde, 2024-nji ýyl täsirli wakalardan has doly ýyl boldy.
– Eýsem, siz sergileri 2025-nji ýylyň adyna laýyklykda nädip guramagy meýilleşdirýärsiňiz?
– 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» adynyň türkmen aňyýetine tebigy laýyk gelýändigini aýtmak gerek. Parahatçylykda ýaşamak, goňşyňa ynanmak we ýardam elini uzatmak islegi milletimize mahsus aýratynlykdyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň döredijilik durmuşy, ähli ugurlardaky üstünliklerimiz, esasanam, gurluşyk, beýleki döwletler bilen dostlukly syýasy, medeni we ykdysady gatnaşyklardaky üstünliklerimiz – ine, şekillendiriş sungatynda janlandyrmaly mowzuklar köplügi şeýle görünýär. Suratkeşlere diňe çenini alyp, göz öňüne getirişlerine görä, töwekgelçilik etmek galýar.
– 2025-nji ýyla meýilleşdirilýän zatlary bize anyk aýdyp bilersiňizmi?
– Şu ýylyň 1-nji martynda ajaýyp şahyr Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan «Ynam» atly sergi geçiriler. Bu sergi Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň muşdaklary üçin gowy sowgat bolar. Menem şolaryň biri.
– Menem.
– Ondan has irräk bolsa, 15-nji ýanwarda ajaýyp suratkeş Gahryman Goçmyradowyň eserleriniň sergisi meýilleşdirilýär. Mary welaýatyndan ussat suratkeş Dawid Aruşaýana bagyşlanan sergi geçiriler. Birnäçe ýubileý sergisi, şol sanda meniňem sergim bolar. Şu ýyl 50 ýaşym dolýar. Meýilnama düzülende, aşakdaky hakykatlardan ugur aldyk. Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary eserlerini gowy görkezdiler, bu ýyl Marynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylaryna eserlerini görkezmäge mümkinçilik bereris. «Modern» sergisi gyzyklanma döretdi, hut şunuň ýaly üstünlige umyt baglap, şu ýyl «Abstraksiýa dünýäsinde» atly sergini hem gurarys.
– Siziň gürrüňiňizden sungat söýüjilere örän gyzykly sergileriň garaşýandygy görünýär.
– Hawa. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýüzlenmek isleýärin. Beýleki ýurtlarda muzeýe, sergä girmek üçin ullakan nobata durmaly we köp pul harç edip, petek satyn almaly. Biziň ýurdumyzda sergilere baryp görmek tölegsiz ýa-da örän elýeterli. Bu pursatdan peýdalanyň. Sergä bir özüňiz, dostlaryňyz bilen, kärdeşleriňiz bilen geliň. Gözellige galtaşyp, türkmen suratkeşleriniň joşgunyndan lezzet alarsyňyz. Biziň üçin sergileriň diňe açylyşynda däl, eýsem, ýapylmazyndan ozal hem gelenlerden doly zallary görmek – uly bagt.
Biz size garaşýarys!