Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýöriteleşdirilen «Diplomatik protokol» okuw merkezinde ýurduň degişli hünärmenleri üçin okuwlar başlandy.
Ýokary okuw mekdebiň Okuw merkeziniň bäşinji gezek geçirýän okuwlary diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ulgamynda ýöriteleşýän işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Iki aýyň dowamynda okuwlara gatnaşyjylar üçin okuwlar daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň, milli diplomatik gullugyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halypa-diplomatlarynyň köp ýyllyk tejribeleri nazarda tutulyp taýýarlanylan ýörite maksatnamalaryň esasynda geçiriler.
Gysga möhletli okuwlar tamamlanandan soň, diňleýjilere ýurduň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite şahadatnamalary gowşurylar.
Merkeziň işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler mümkinçiligini pugtalandyrmaga, halkara derejesinde ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip bilýän ýokary derejeli diplomatlary taýýarlaýyş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Şu aýda döredilmeginiň bir ýyllygyny bellejek Okuw merkezi ýurduň diplomatik gullugy üçin hünärmenleriň dört tapgyryny üstünlikli taýýarlady we goýberdi.
Okuw merkezi institutyň binýadynda 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününde açylypdy. Munuň özi milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň taryhynda ähmiýetli waka bolup, ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ylmy-barlag we intellektual kuwwatyny artdyrdy.