Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşige Ahal welaýatynda başlanan ýaryşa ýokary liganyň alty topary gatnaşdy.
Hormat baýragy ugrundaky bu ýaryşda «Arkadag», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw» we «Aşgabat» toparlary bir aýlawly duşuşyklarda öz aralarynda ýeňijini kesgitlär.
TFF-2025 Kubogynyň ähli duşuşyklary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilýär.
Ýaryşyň açylyş oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary bilen Marynyň «Merw» topary duşuşdy. Toparlar arakesmä «Merw» toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda çykdylar. «Merw» toparyndan 22-nji minutda Mukam Nazzyýew, 40-njy minutda bolsa Guwanç Berdimyradow tapawutlandy.
58-nji minutda Musa Nurnazarow bir jogap pökgüsini saldy. 66-njy minutda Ionel Kosofana oýundan çykarylandan soň, «Şagadam» topary azlykda oýnap, ýeňlişe sezewar boldy.
Ondan soňky duşuşykda Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» topary Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Wladimir Baýramowyň toparyndan Enwer Annaýew (3-nji, 33-nji minutlar) bilen Didar Durdyýewiň (49-njy, 70-nji minutlar) hersi derwezä iki pökgi geçirdi. «Nebitçi» toparyna bir pökgi 30-njy minutda Myratdurdy Baýramowyň adyna ýazyldy.
Ýaryşyň soňky duşuşygynda Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» topary «Aşgabat» toparyny kynlyk bilen 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň birinji ýarymynda garşydaşlaryň hersi bir pökgi derwezä saldy – 1:1. Magtymberdi Berenowyň 5-nji minutda uran takyk urgusyna «Aşgabat» topary 26-njy minutda netije getiren hüjüm bilen jogap berdi, hüjümi Oraz Orazow geçiren pökgüsi bilen tamamlady. Duşuşygyň adaty wagtynyň gutarmagyna 9 minut galanda, Ýakupmuhammet Gowşudow «Ahal» toparyna ýeňiş getirdi.
Birinji tapgyrdan soň 3 utuk toplan «Arkadag», «Ahal» we «Merw» toparlary öňde boldular.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlar 23-nji fewralda tamamlanar.
«Arkadag» topary üçin bu ýaryş AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Hindistanyň «Ist Bengal» toparynyň gatnaşmagynda 5-nji we 13-nji martda boljak çärýek final duşuşyklaryna ýagşy taýýarlyk görmek üçin amatly pursat, beýleki türkmen toparlary üçin bolsa Türkmenistanyň 2025-nji ýylda geçiriljek çempionatyna taýýarlyk tapgyrlaryndan biridir.