Türkmen hokkeýçileri Bangkokda (Tailand) geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatyna Lýuksemburgyň toparyndan – 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasap ýeňiş bilen başladylar.
Halkara hokkeý federasiýasynyň (HHF) howandarlygynda geçirilýän ýedinji derejeli ýaryşa iň gowşak alty topar gatnaşýar. Bosniýa we Gersegowinadan, Lýuksemburgdan, Tailanddan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Günorta Afrikadan ýetginjekler bir aýlawly ýaryşda «A» toparçanyň üçünji diwizionyna çykmak ugrunda bäsleşýärler.
U18 ýetginjekler dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna üç klubdan 19, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň «Şir» toparyndan 13, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyndan 4 we «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» toparyndan 2 hokkeýçi gatnaşýar.
Türkmenistanyň toparynyň ilkinji oýnunda ilkibaşda hiç zat Lýuksemburgyň toparyndan uly hasap bilen üstün çykjakdygy belli däldi. Ilkinji iki döwür dartgynly göreşde geçdi. Hasaby 11-nji minutda «Şir» toparyndan Isgenderhan Durdyýew açdy, toparlar hokkeýçilerimiziň – 1:0 hasabynda çala artykmaçlygynda ilkinji arakesmä çykdylar.
27-nji minutda Lýuksemburgyň toparynyň kapitany Leopold Toft hasaby deňledi. Şondan 3 minutdan soň «Galkan» toparyndan Soltanhamit Wahytow Türkmenistanyň toparyny öňe saýlady – 2:1. 34-nji minutda ol jerime urgusyny dürs urup, türkmen toparynyň artykmaçlygyny ikä ýetirdi. 18 sekuntdan soň Riçard D'Andrea aratapawudy ýene-de azaltdy – 3:2. 37-nji minutda Soltanhamit Wahitow ýene bir şaýba geçirdi, garşydaşlar 4:2 hasabynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna ikinji arakesmä çykdylar.
Jemleýji 20 minut Lýuksemburgyň toparynyň derwezesine ýene dört şaýba geçiren ildeşlerimiziň göz-görtele artykmaçlygynda geçdi – ýene üç şaýbany bu oýunda geks-trik geçiren Soltanhamit Wahitow (6 gol) saldy, ýene birini «Galkan» toparyň kapitany Şöhrat Begliýew geçirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hokkeýçilerimiziň ýeňşiniň hormatyna Bangkokdaky Halkara buz meýdançasynda Türkmenistanyň gimni ýaňlandy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan – «Şir» toparyndan derwezeban Armen Mowsesýan, Lýuksemburgyň toparyndan hüjümçi Adam Hlumeski duşuşygyň iň gowy oýunçylary diýlip ykrar edildi.
Indiki tapgyrda türkmen hokkeýçileri Tailandyň topary bilen duşuşar, olar birinji tapgyrda Bosniýa we Gersegowina toparyny 16:0 (4:0, 5:0, 7:0) hasabynda utdular. Birinji oýun gününiň beýleki oýnunda Özbegistanyň wekilleri Günorta Afrika toparyny uly hasap – 12:0 (4:0, 6:0, 2:0) bilen ýeňlişe sezewar etdiler.
Şu gün 2-nji tapgyryň ilkinji iki oýnunda Bosniýa we Gersegowinanyň topary Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny – 4:3 (0:1, 3:1, 1:1) hasabynda utdy, Özbegistanyň hokkeýçileri lýuksemburgly deň-duşlaryny 12:1 (7:1, 2:0, 3:0) hasabynda utup, ikinji ýeňşini gazandy.
U18 ýetginjekler toparlarynyň arasynda dünýä çempionaty 4 diwiziona- TOP bölümi, 1, 2 we 3 boýunça bölünen düzgünde geçirilýär. Her diwizionyň özbaşdak ýaryşy geçirilýär. Diwizionlaryň arasyndaky toparlar her ýyl ýerini çalyşýarlar – has güýçli toparlar ýokary diwiziona, gowşaklary aşaky toparça geçirilýär. TOP bölüminde geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi dünýä çempiony diýlip yglan edilýär.
Türkmen hokkeýçileri Meýlis Kulyýewiň we onuň kömekçileri – Maksat Ataýewiň we Azatgeldi Bäşimowyň ýolbaşçylygynda şu derejeli ýaryşlara ikinji gezek gatnaşýarlar.
Geçen ýyl Keýptaunda (GAR) geçirilen U18 dünýä çempionatynda Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýetginjekler topary dört toparyň arasynda «B» toparçada ikinji orny eýeledi, onda Gonkongyň hokkeýçileri «A» toparyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.