Ï TTF-niň başlygy türkmen tennisçileriniň BAE-de boljak ATP 500 derejeli ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TTF-niň başlygy türkmen tennisçileriniň BAE-de boljak ATP 500 derejeli ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy

view-icon 3681
TTF-niň başlygy türkmen tennisçileriniň BAE-de boljak ATP 500 derejeli ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyňky

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow Birleşen Arap Emirlikleriniň tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusef Al Marzuki bilen türkmen tennisçileriniň indiki ýyl «АТР 500 Dubai Duty Free Tennis Championship» ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu iki tennis guramasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, tanymal grek tennisçisi Stefanos Sisipasyň ýeňiji bolan ATP 500 derejeli ýaryşy geçirmegiň çäginde Dubaýda bolup geçdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ýurtlarda tennisiň ösüşiniň geljegi, bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek, sport psihologlaryny taýýarlamak we okgunly ýaýbaňlanýan padel tennisini ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

BAE-niň tennis federasiýasynyň baş sekretary «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyna gatnaşanlarynda, toparyna bildirilen gyzgyn myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirmek bilen, guramaçylygyň ýokary derejede bolandygyny nygtady.