Ï Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektoryny döretdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektoryny döretdiler

view-icon 1045
Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektoryny döretdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg gurallary barlaghanasynda tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işlenip düzüldi.

Bu enjam suwaryş suwuny tygşytly tutmaga we ösümlikleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ol ýokançsyzlandyrma wezipesini ýerine ýetirýär, kömelekleriň ösüşini togtadýar we saprofit mikroblaryň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa gämikleriň hilini we ösümlikleriň kesellere durnuklylygyny artdyrýar.

Inýektoryň esasy artykmaçlygy ony öndürmek üçin tebigy galyndylaryň ulanylmagydyr. Bu bolsa tehnologiýany diňe bir täsirli etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa taýdan howpsuz hem edýär. Enjam ýokary derejede berkligi, güýçli şepbeşik häsiýeti we agressiw şertlere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň uzak wagt işlemegini üpjün edýär.

Inýektoryň uzynlygy ösümlikleriň ululygyna baglylykda sazlanýar. Onuň şahalanyp gidýän güberçek ýapjagazly özboluşly gurluşy kökleriň ýokary hilli iýmitlenmegine kömek edýär we dökünleri gaýtadan işlemek üçin amatly şertleri döretmek bilen, kök çüýrüntgisiniň köpelmeginiň öňüni alýar.

Bu enjamy güýçli synaglardan soň üstünlikli täzeläp we gaýtadan ulanyp bolýar. Bu bolsa daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaldýar.

Damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektory işläp düzmek Türkmenistanda durnukly oba hojalygy üçin möhümdir. Howanyň üýtgeýän şertlerinde bu täzelik oba hojalygyny täze derejä çykaryp, hasyllylygy ýokarlandyryp we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün edip biler.