Ï Türkmen wekiliýeti Londonda Kowentri uniwersitetine bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Londonda Kowentri uniwersitetine bardy

view-icon 1225
Türkmen wekiliýeti Londonda Kowentri uniwersitetine bardy

Türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýa saparynyň çäklerinde Bilelikdäki türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Londonda Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplaryň gepleşikleriniň ünsi akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak hem-de öňdebaryjy bilim tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky meselelerde jemlenildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim maksatnamalary hödürlenildi. Bilim bermäge, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ýakynlaşdyrylmagyna, şeýle hem uniwersitetiň senagat we işewürlik ulgamy bilen ýygjam hyzmatdaşlygyna innowasion taýdan çemeleşmelere aýratyn üns berildi.

Kowentri uniwersitetiniň Menejment mekdebiniň ýolbaşçysy Joanna Wulgaropulu bilen duşuşykda ýokary okuw mekdepde alnan bilimden soňky döwürde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, duşuşyga gatnaşanlar türkmen talyplarynyň uçurymlaryň halkara toruna hem-de bilim platformasyna elýeterliligini guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem daşary ýurtly talyplary, şol sanda iňlis dilini öwrenmek we Londonyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk arkaly işe ýerleşdirmäge ýardam bermek babatda goldaw bermek esasy mesele boldy. Mundan başga-da, Kowentri uniwersitetiniň wekilleri «Halkara marketing», «Maglumatlary seljermek bilen sanly marketing», «Ählumumy ykdysadyýet, bank işi we maliýe» diýen ugurlar boýunça magistraturanyň çeýe maksatnamalaryny teklip etdiler.

Taraplar ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça gatnaşyklary dowam etmäge hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan görnüşlerini jikme-jik işläp taýýarlamak üçin bilermenleriň geňeşmelerini guramaga gyzyklanma bildirdiler. Türkmen wekiliýeti ýokary bilim ulgamynda halkara tejribesini öwrenmegiň ähmiýetini belledi hem-de mundan beýläkki gepleşiklere we pikir alyşmalara taýýardygyny beýan etdi.

Kowentri uniwersitetindäki duşuşyk Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2024-nji ýylyň aprelinde Beýik Britaniýanyň daşary ýurt dilleri, Arkalaşygyň we Beýik Britaniýany ösdürmegiň işleri boýunça döwlet sekretarynyň Türkmenistana saparynyň barşynda bilim ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ulgamlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen bolan duşuşygyň dowamynda bilim ulgamynda, şol sanda bitewi bilim maksatnamalaryny ösdürmekde hem-de iňlis diliniň okadylyşyny giňeltmekde hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şondan soň britan uniwersitetleriniň, işewür toparlarynyň we «British Council» wekilleri bilen birnäçe wideo arkaly maslahatlar hem-de iş duşuşyklary geçirildi.

Kowentri uniwersitetiniň «Times Higher Education» «QS Education Ranking» abraýly halkara reýtingine girýändigini hem bellemek gerek. Bu bolsa onuň ýokary akademiki derejesini tassyklaýar. Ýokary okuw mekdep Müsürde, Marokkoda, Polşada, Gazagystanda, Alžirde we Günorta-Gündogar Aziýada şahamçalaryny ösdürip, uly halkara tejribesine eýedir.