10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy başlandy.
Halkara bäsleşigine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 107-sinden 700-den gowrak talyplar gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 184 talyp gatnaşýar, ýokary okuw mekdepleriň 85-sinden 517 talyp daşary ýurtlaryň 17-sine wekilçilik edýärler.
Ders bäsleşigi 15-nji marta çenli, 5 gün dowam eder. Bäsleşigiň çäklerinde talyplar şahsy we toparlaýyn görnüşlerde bilimlerini we ukyplaryny görkezerler.
Olimpiadanyň şahsy görnüşine gatnaşyjylar üçin nazary mehanikanyň bölümleri boýunça 8 ýumuş taýýarlanyldy. Olaryň ikisi Statika we Kinematika bölümlerine, ýene-de 4-si Dinamika bölümine degişlidir. Ýumuşlary çözmäge 240 minut wagt berilýär.
Toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylar 60 minutda nazary mehanikanyň ýokarda görkezilen bölümleri boýunça 5 ýumuş çözmeli bolarlar.
Bäsleşikleriň netijeleri boýunça has köp utuk toplan talyplar olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan ediler.
Ders bäsleşiginiň çäklerinde tejribe we bilimleri alyşmak, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ylmy maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar.
Halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi sanly bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary ulanmaga bolan ukyplaryny görkezýär, şeýle hem milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalarynyň netijeli peýdalanylmagyna, zehinli talyplary ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam edýär.
Bu olimpiadanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletiň kabul eden degişli Konsepsiýasynda bellenen işleriň hem-de alyp barýan ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Türkmenistanyň BMG-ä agza bolmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda guralýan ähmiýetli halkara wakalaryň biridigini bellemek gerek.