Türkmenistanyň futbol boýunça milli topary şu gün 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna Hytaýyň Taýbeý toparyna garşy oýun bilen başlar.
Oýun 2,77 milliona golaý ilaty bolan Hytaý Respublikasynyň Taýwan adasyndaky ikinji uly şäher we iň uly port Gaosýunda geçiriler. Duşuşyk 55,000 adamlyk Milli stadionda bolar. Aždarhany ýada salýan ýarym spiral görnüşli bu sport desgasy dünýäde Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji stadiondyr.
Bijäniň netijelerine görä, Türkmenistanyň we Hytaý Taýbeýiniň toparlary «D» toparça düşdiler. 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň final ýaryşyna gatnaşmaga ýeke-täk hukuk ugrundaky göreşde Tailandyň we Şri-Lankanyň toparlary bilen iki aýlawda oýnarlar.
Milli ýygyndy derejesinde Hytaý Taýbeýi bilen Türkmenistanyň futbolçylarynyň arasyndaky geljekki oýun olaryň duşuşyklarynyň taryhynda altynjy oýundyr. Öňki bäşisi: 2001-nji ýylyň 27-nji aprelinde Daşkentde 5:0 we 2002-nji ýyldaky Dünýä kybogynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda Ammanda 1:0; 2011-nji ýylyň 23-nji martynda Kuala-Lumpurda 2012-nji ýyldaky AFK Çagyryş kubogyna gatnaşmaga saýlama ýaryşyň çäklerinde oýunda 2:0; 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýbeýiň munisipal stadionynda 3:1 we 2019-njy ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşyna Balkanabatda 2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda 2:1 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Milli ýygyndylar derejesinde Türkmenistan bilen Hytaý Taýbeýiniň arasyndaky 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogyna saýlama oýunda Katardan eminler topary Abdulhadi Al Asmar Al Ruaýleniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary bekewüllik eder. Oňa ildeşleri Haled Aýad Halaf we Juma Mohammed Al Burşaid kömek ederler. Palestinaly Baraa Aişa ätiýaçdaky eminlige bellendi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparyň düzümi barada maglumat bermezden, 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryna berk gizlinlikde taýýarlandy. Bu Mergen Orazowyň oýunçylaryna dört ýyldan bir geçirilýän yklym bäsleşiginde ýeňiş bilen başlamagyna kömek eder diýip umyt edýäris.
Ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçirilýän 2027-nji ýylda Aziýa Kubogy ýaryşynyň finalyna saýlama toparçalaryň altysynyň ýeňijileri çykarlar. Ozal 18 topar Aziýa Kubogy – 2027 ýaryşynyň finalynda oýnamaga hukuk gazandylar. Olar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň 3-nji tapgyryna gatnaşan: Awstraliýanyň, Bahreýniň, Indoneziýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň, Eýranyň, Kataryň, Hytaýyň, Demirgazyk Koreýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Omanyň, Palestinanyň, Özbegistanyň, Ýaponiýanyň we Saud Arabystanyň (ýaryşyň guramaçysy hökmünde) ýygyndylarydyr.
Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogynyň final tapgyryna iki gezek gatnaşdylar. Ilkinji gezek 2004-nji ýylda ýaryş Hytaýda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen ýaryşlarda çykyş etdiler. Öňki ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «E» saýlama toparçada 3-nji orny eýeledi we 2023-nji ýylda Katarda geçirilen Aziýa Kubogynyň final ýaryşyna çykmady.
Futbol boýunça Aziýa Kubogy ýaryşy dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Onuň ilkinji oýny 1956-njy ýylda bolupdy. 2007-nji ýyldan bäri bu ýaryş jübüt ýyllarda geçirilýär. 2019-njy we 2023-nji ýyllarda iki gezek yklym Kubogyny gazanan Katar Aziýanyň häzirki çempionydyr.