Ï 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy Hytaý Taýbeýiniň toparyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy Hytaý Taýbeýiniň toparyny utdy

view-icon 1471
2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy Hytaý Taýbeýiniň toparyny utdy

Hytaý Taýbeýinden 2:1 hasabynda üstün çykyp, türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy ýaryşynyň üçünji saýlama tapgyryna başladylar, onuň final bölegi 2027-nji ýylda ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriler.

Duşuşyk Gaosýundaky Milli stadionda 1897 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýeňijilerden toparyň kapitany Elman Tagaýew (48-nji minutda) we Ýazgylyç Gurbanow (83-nji minutda), ýeňilenlerden Anž Samuel Kuame (63-nji minutda) tapawutlandylar.

Hytaý Taýbeýi bilen Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky bu oýun olaryň duşuşyklarynyň taryhynda altynjy oýundy. Öňki bäşisi: 2001-nji ýylyň 27-nji aprelinde Daşkentde 5:0 we 2002-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda Ammanda 1:0; 2011-nji ýylyň 23-nji martynda Kuala-Lumpurda 2012-nji ýyldaky AFK Çagyryş kubogyna gatnaşmaga saýlama ýaryşyň çäklerinde oýunda 2:0; 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýbeýiň munisipal stadionynda 3:1 we 2019-njy ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşyna Balkanabatda 2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda 2:1 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. 

Häzirki duşuşykdan öň hünärmenler türkmen toparyny ileri tutdular, munuň özi diňe bir olaryň şahsy duşuşyklarynyň statistikasy bilen däl, eýsem, FIFA-nyň reýtinginde Türkmenistanyň 143-nji we Hytaý Taýbeýiniň 165-nji orunda barýanlygy bilenem baglydyr.

Meýdança eýelerini sähel artykmaçlygynda geçen oýnuň birinji ýarymy iki toparyň oýny öwerlikli bolmady, olar biri-biriniň derwezesiniň öňünde hakykatdanam ýekeje howply pursat hem döretmediler.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda myhmanlar has tijendiler we ikinji ýarymyň başynda eýýäm 1:0 hasabynda öňe saýlandylar. Duşuşygyň 48-nji minutynda «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew jerime meýdançasyna sag gyradan girdi we çep aýagy bilen topy derwezäniň ýokarky sütüniň aşak ýanyna gönükdirdi.

Taýwanlylar 63-nji minutda jerime meýdançasynyň sag burçundan Anž Samuel Kuamäniň çep aýagy bilen takyk uran jerime urgusyndan soň hasaby deňlediler.

Duşuşygyň esasy wagtynyň gutarmagyna 7 minut galanda ýeňiji belli boldy, ýoldaşynyň yzyna geçiren pökgüsini alan «Arkadag» toparynyň futbolçysy Ýazgylyç Gurbanow ony dürs urmagy başardy.

Hytaý Taýbeýinden üstün çykan Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň Aziýa kubogy ugrundaky saýlama oýunda myhmançylykda Bangladeşiň toparyny 2:1 hasabynda utandan soňky FIFA agza bäsdeşleri bilen resmi we ýoldaşlyk duşuşyklarda 2022-nji ýylyň iýunyndan bäri utman gelýän 14 oýnundan soňky ilkinji ýeňşidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 2023-nji ýylyň ýanwarynda bu wezipä bellenen 37 ýaşly Mergen Orazow baş tälimçi hökmünde ýolbaşçylyk edýär. 

Oýundan soň türkmen toparynyň tälimçisi Hytaý Taýbeýinden üstün çykylmagyny 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşyna tarap «syýahatyň ajaýyp başlangyjy» diýip atlandyrdy.

«Biz iň gowy derejede oýnamadyk, ýöne oýunçylar häzirki ýagdaýynda elinden gelenini etdiler diýip pikir edýärin. Oýunçylaryň, işgärleriň ählisine we topara goldaw berenlere hoşallyk bildirýärin. Toparyň görkezen yhlasyna, tutanýerliligine we agzybirligine buýsanýaryn» –diýip, Mergen Orazow belledi.

Hytaý Taýbeýi bilen ýeňişli oýunda ýene bir bellenmäge mynasyp waka boldy. Ol «Ahal» toparynyň hüjümçileri Daýanç Meredowyň we Magtymberdi Berenowyň ýurduň esasy toparynda ilkinji çykyşydy. Birinjisi oýnuň başyndan meýdança çykdy, 64-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew oňa derek oýna çykdy. Ikinjisi bolsa Şanazar Tirkişowyň ornuna 60-njy minutda oýna girdi.

2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ugrundaky indiki saýlama oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 10-njy iýunda öz meýdançasynda birinji tapgyrda Şri-Lankanyň oýunçylaryndan 1:0 hasabynda üstün çykan Tailandyň topary bilen oýnar. Bangkokdaky Rajamangala Milli stadionynda 17207 janköýeriň gatnaşmagynda geçirilen bu oýunda ýeňiş pökgüsini 43-nji minutda Patrik Gustawsson tora girizdi.

Bijäniň netijelerine görä, Türkmenistanyň, Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň toparlary «D» toparçada oýnaýarlar, iki aýlawly ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň final böleginde bäsleşmek hukugyny alar.

Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogynyň final tapgyryna iki gezek gatnaşdylar. Ilkinji gezek 2004-nji ýylda ýaryş Hytaýda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen ýaryşlarda çykyş etdiler. Öňki ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «E» saýlama toparçada 3-nji orny eýeledi we 2023-nji ýylda Katarda geçirilen Aziýa Kubogynyň final ýaryşyna çykmady.