Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti medeni miras temasy barada halkara maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti medeni miras temasy barada halkara maslahat geçirer

view-icon 964
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti medeni miras temasy barada halkara maslahat geçirer

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we ýokary okuw mekdebiň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasy «Medeni mirasy öwrenmekde we gorap saklamakda parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirer. Maslahat 17-18-nji aprelde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Bütindünýä mirasynyň halkara güni mynasybetli geçiriler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň we ylmy-barlag merkezleriniň professorlaryny, mugallymlaryny, alymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny we doktorantlaryny, ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de klublarynyň, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň wekillerini maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Maslahat medeni mirasy öwrenmekde täze ylmy ugurlary, şeýle hem halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy gorap saklamakda onuň ähmiýetini we ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahat türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisi hem-de aşakdaky temalar boýunça dört bölümi özünde jemleýär:

I bölüm: Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýady;

II bölüm: Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramak boýunça tagallalar;

III bölüm: Medeni mirasy öwrenmegiň ylmy ugurlary;

IV bölüm: Türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň maddy-ruhy medeniýeti: täze barlaglar we seljermeler.

Maslahatyň netijeleri boýunça çykyşlaryň elektron ýygyndysyny neşir etmek meýilleşdirilýär.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 7-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna çykyşlarynyň mazmunyny, synlary we bellige alyş beýanatyny tsu.unescochair@gmail.com elektron salga ibermelidirler. Olary beýan etmegiň düzgüni we nusgasy, şeýle hem beýleki goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň saýtynyň «ÝUNESKO – 2025» bölüminde ýerleşdirilendir. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99312) 39-86-62, (+99312) 94-67-98, (+99365) 64-93-62.