Gadymy Gürgençde şäher medeniýetiniň derejesi ýokary bolupdyr. Muňa sebitde, şol sanda Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde-de dürli gazuw-agtaryş işleri geçirilende, ýüze çykarylan arheologik tapyndylar-da şaýatlyk edýär.
Şunuň ýaly kiçeňräk, ýöne gyzykly tapyndylaryň biri-de örtgi daşydyr. Hünärmenler onuň teşnaw suw geçirijisidigini kesgitlediler. Ol ýuwunylýan ýa-da täret alynýan ýerde suw akytmak üçin edilen ganawjygyň üstüni örtmek ýa-da ýapmak üçin niýetlenen bolsa gerek. Sekiz ýaprakly gül görnüşinde ýasalan çuňňur nagyşly gül bezeginiň merkezinde ýerleşýän parran iki deşik-de muňa delildir. Örtgi daşynyň uzynlygy 38 sm, ini 34 sm, galyňlygy 6,5 santimetr. Önümiň ýüzündäki nagşynyň gadymy Horezm ussalaryna degişlidigi asyrlaryň dowamynda alnan adaty reňkdir nagşyň goýulygy we asyllylygy bilen subut edilýär.
Käbir daşary ýurtly hünärmenleriň Merkezi Aziýanyň beýleki gadymy şäherlerinde tapylan şuňa meňzeş örtgüleri aşhanada tüwi ýaly däneli önümler ýuwlanda bolýan ýitginiň öňüni almak üçin ulanylan bezegli enjamlar hökmünde kabul edendigi gyzyklydyr.
Eýsem-de bolsa, hünärmen bolmasaň hem şunuň ýaly örtgi daşlarynyň tapylmagy, öz gezeginde, gadymy Gürgenjiň ýadygärlik binalaryna suw çykarmak we lagym suwlaryny akdyrmak üçin aýdaly, keramiki turbalardan ybarat bolan tehniki desgalaryň bolandygy baradaky çaklama alyp barýar, çünki şular ýaly turbalaryň galyndylary döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň çäginde hem tapylypdy.
Şunuň ýaly tapyndylar, hatda gadymy döwürlerde-de biziň topragymyzda ýerleşen şäherleriň binalarynyň oňat oýlanyşykly ýerleşendigine we öz döwri üçin dürli maksatly ösen ýerasty gurluş ulgamynyň bolandygyna ynanmaga mümkinçilik berýär.