Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyry paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary bilen Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň arasyndaky Aşgabatda geçirilen oýun deň tamamlandy.
Oýun «Köpetdag» stadionynda geçirildi. Tutuş oýnuň dowamynda garşydaşlar biri-biriniň derwezesine pökgi geçirip bilmänsoň, duşuşyk 0:0 hasabynda deň tamamlandy.
Netijede «Köpetdag» topary dört oýunda ýeňlişe sezewar bolandan soň, ilkinji utugyny gazandy. «Nebitçi» topary bolsa 8 utuk toplap, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary bilen 3-4-nji orny paýlaşýar.
Indiki tapgyrda «Köpetdag» toapry 19-njy aprelde «Şagadam» topary bilen oýnar, «Nebitçi» topary bolsa 20-nji aprelde Balkanabatda «Arkadag» toparyny kabul eder, bu klub iki oýunda ýeke utugam ýitirmedi we öz derwezesine ýeke pökgi hem goýbermedi.
«Altyn asyr» topary bilen «Arkadag» toparynyň arasyndaky 6-njy tapgyryň jemleýji oýny häzirki çempionyň Aziýanyň klublar ligasynyň ähmiýeti boýunça üçünji ýaryşynda – AFK-nyň Çakylyk ligasynda çykyş edýänligi sebäpli başga bir güne geçirildi.
Çempionatda «Ahal» toparynyň «Altyn asyr» toparyndan 2 utuk köp toplap, 12 utuk bilen öňde barýandygyny ýatladýarys.