Ýurdumyzyň erkin göreş boýunça pälwanlary sport göreşi boýunça 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Bişkekde tamamlanan Aziýa çempionatynda bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.

Kümüş medala Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby 19 ýaşly Döwletgeldi Myradow mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 10 türgeniň bäsleşen 86 kilograma çenli agram toparynda gazandy.
Döwletgeldi ilkinji göreşde Koreýa Respublikasyndan gelen Juhwan Lini 13:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ondan soň ýarym finalda 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 2025-nji ýylyň Aziýa çempiony Saçin Saçini (Hindistan) 12:1 hasabynda ýeňdi. Emma finalda 2025-nji ýylda Iordaniýada geçen uly ýaşly Aziýa çempionatynyň ýeňijisi Abolfazl Ýaser Rahmani Firuzjaiden (Eýran) 2:6 hasabynda asgyn geldi we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bu agram derejesinde Saçin Saçin (Hindistan) we Elnur Akybaýew (Gyrgyzystan) bürünç medalçy boldy.

Iki ýyl ozal Gyrgyzystanda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda D.Myradow bürünç medal gazanypdy. Indi bolsa ol has uly ýaş toparynda, ýagny U20 toparynda kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Watan Annaorazow hem bürünç medal gazandy. Ol «Iň güýçli» diýen at ugrunda 13 türgeniň bäsleşen 74 kilograma çenli agram toparynda baýraga mynasyp boldy.
Ilkinji iki duşuşykda W.Annaorazow kän bir kynçylyk çekmezden, Burenjargal Batbaýary (Mongoliýa) 12:2, Muhammedemin Abduloýewi (Täjigistan) 13:4 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda bolsa ol Umarhon Muýdinowdan (Özbegistan) 0:10 hasabynda ýeňildi, emma bürünç medal ugrundaky göreşde Tszinpeň Çžudan (Hytaý) 5:4 hasabynda üstün çykdy. Bu agram toparynda ikinji bürünç medal Dosjan Kul Gaýypa (Gazagystan) ýetdi. Kümüş medala özbek pälwany Umarhon Muýdinow, altyn medala bolsa finalda 11:0 hasabynda ýeňiş gazanan Muhammet Mähdi Pärwiz Mämiwand (Eýran) mynasyp boldy.
Geçen aý Wýetnamyň Wuňtau şäherinde 23 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen Aziýa ýaşlar çempionatynda Watan Annaorazowyň bürünç medala mynasyp bolanlygy bellärliklidir. Indi bolsa şunuň ýaly üstünlige 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän ýetginjekler kontinental çempionatynda ýetdi.
Toparymyzyň tälimçileri häzirki dünýä we Aziýa çempionynyň bu ýaş toparynda Alp Arslan Begenjowyň U20 ýetginjekler Aziýa çempionatynda çykyşlaryna uly umyt baglaýardylar. Aşgabatly 18 ýaşly halkara derejeli sport ussadynyň bu atlary geçen ýyl Taýlandda we Ispaniýada 79 kilograma çenli agram toparynda geçirilen ýaryşlarda alandygyny ýatladýarys.
Bişkekde geçirilen ýetginjekler yklym çempionatynda bu agram toparyna 9 türgen gatnaşdy. Birinji aýlawda 1/4 final tapgyrynda Alp Arslan 19 ýaşly hindistanly Amit Amit bilen ýüzbe-ýüz boldy. Duşuşygyň barşynda türkmen türgeni tehniki utuk boýunça 6:3 hasabynda öňde barýardy. Emma hindi pälwany täsirli tär ulanyp, ýeňiş gazanmak bilen, ildeşimizi altyn medal ugrunda göreşmek mümkinçiliginden mahrum etdi.
Bürünç medal ugrundaky göreşde A.Begenjow Jorullo Abdufattohowy (Özbegistan) 12:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýaponiýaly Natsura Okazawa ikinji bürünç medalçy boldy. 2024-nji ýylda 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçen dünýä çempiony eýranly Abolfazl Mehdi Şamsipur Hajiwand kümüş medal bilen oňmaly boldy. Çünki ol finalda ilkinji gezek Aziýa U20 çempiony diýen ada mynasyp bolan hindistanly Amit Amitden 4:5 hasabynda ýeňildi.
Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Wýetnamda geçirilen Aziýa ýaşlar çempionatynda (U23) Türkmen döwlet maliýe institutynyň birinji ýyl talyby A.Begenjow 79 kilograma çenli agram toparynda kümüş medal gazandy.
Şeýlelik bilen, U15 ýetginjekler we U20 ýigitler çempionatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Ondan öň ýetginjekler ýaryşynda bürünç medaly erkin göreş boýunça Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Meret Durdyýew (agramy 44 kilograma çenli) we grek-rim göreşinde paýtagtyň «Olimp» sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy (52 kilograma çenli) bürünç medal gazanypdy.
Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen 15 we 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda göreş boýunça Aziýa çempionaty 15 ýurduň – Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, KHDR-iň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň türgenleri gatnaşdy.