Ï Türkmenistanly grossmeýster Türkiýede geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly grossmeýster Türkiýede geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldy

view-icon 7070
Türkmenistanly grossmeýster Türkiýede geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldy
camera-icon
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkiýäniň Kappadokiý şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda 39 ýaşly türkmenistanly halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew kümüş medala eýe boldy.

Bäsleşik Şweýsariýa ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Oňa 10 ýurduň 78 küştçüsi gatnaşdy. Olaryň arasynda 3 halkara grossmeýster, 10 halkara ussady we 11 FIDE ussady bar.

Meýlis Annaberdiýew 6,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi, birinji orna Eýranyň halkara ussady Seýed Kian Purmosawi çykdy. Üçünji orny bolsa Peru döwletinden gelen halkara ussady Diego Rodri Flores Killýas eýeledi.

Bu ýaryşyň öňüsyrasynda Ankarada Türkiýäniň toparlaýyn çempionaty geçirildi, netijede Meýlis Annaberdiýew «Hukukçy Fenerbahçe» toparynyň düzüminde çykyş edip, 16 toparyň arasynda kümüş medal gazandy.