Ï Magtymguly Pyragy: pursatlardan– bakylyga
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragy: pursatlardan – bakylyga

view-icon 6323
Magtymguly Pyragy: pursatlardan – bakylyga
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry yzly-yzyna iki ýyldan bäri teatr möwsümini Hemra Şirowyň eseriniň esasynda goýulan  «Pursat» atly spektakly bilen açýar. Bu spektakl Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Emin agzasy Žanyş Kulumbetowyň bellemegine görä, «Pursat» spektakly sahna sungatyna täze bir çemeleşme getirdi, öň beýle sahna eserleriň goýulmandygyny aýtdy.

Dogrudanam, öňki ýyllarda döredijilik toparlary Magtymguly Pyragy hakyndaky sahnalary şahyryň terjimehalyna esaslanyp goýýardylar, emma ýaş režissýor Mekan Jumabaýew bu gezek Magtymguly Pyragynyň şygryýetine esaslandy. Mundan başga-da, spektaklyň taýýarlyk döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri we «Istarin» hem-de «Atalar we ogullar» filmleriniň awtory, kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýew gatnaşdylar, şeýle hem sahna arkasy maslahatlar geçirildi. Şeýlelikde, «Pursat» spektakly Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy we şahrana traktata meňzeýär.

«Men kim? Meniň ýazgydym nämede?» diýip, şahyr öz wezipesi barada oýlanýar we şol bir wagtyň özünde-de bu dünýä tötänleýin däl-de, ony kämilleşdirmek üçin gelendigine ynanýar.

— Biz tomaşaça şahyryň özüni tapmagynyň ýoluny görkezmek isledik – diýip, režissýor Mekan Jumabaýew aýdýar. – Munuň üçin biz mistika, metafora we simwolizm ýaly usullary ulandyk. Spektaklyň teksti tutuşlygyna Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan düzülendir, sahnadaky her bir pursat şahyryň häsiýetlerini alamatlandyrýar. Perdeleriň gara we ak reňkleri — gijäni we gündizi aňladýar, spektaklyň ahyrynda perdelerde ak reňk köpelip, ýagty geljegiň alamatydyr. Sahna arkasy bolsa Magtymguly Pyragynyň golýazma goşgulary bilen bezelen. Şahyr sahnada aýagy ýalaňaç, bu onuň durmuşdaky ýagdaýy bilen baglanyşykly däldir, spektaklda bolsa metafora hökmünde onuň şahyrana setirlerindäki pikirleriniň açyklygyny aňladýandyr.

Magtymguly Pyragynyň keşbini ýerine ýetirmek üçin Döwlet Berdiýewiň saýlanylmagy meniň pikirimçe örän üstünlikli boldy. Onuň daş keşbi, sesiniň tembri, durky we sahnadaky hereketi meni doly kanagatlandyrdy. Ol bu keşbe tutanýerlilik bilen çemeleşdi. Biz köplenç sahnada jedelleşýärdik, ýöne, näçe jedelleşsek-de, jedellerde hakykat döreýär.

— Maňa «Pursat» spektaklynda Magtymgulynyň keşbi hödürlenende, mende başga döredijilik meýilnamam bardy – diýip, Döwlet aýdýar. Ýöne men, ilkinji nobatda, aktýor we ähli aktýorlaryň arzuw edýän teklibine garşy durup bilmedim.

Magtymgulynyň keşbiniň üstünde işlemezden ozal meniň pikirimçe iň kyn keşp «Söýgi we azap» spektaklyndaky Mejnunyň keşbidi diýip hasaplaýardym. Şol spektakldan soň birnäçe aýlap ruhdan düşüp ýördüm. Mejnunyň azaplary meni uzak wagtlap terk etmedi. «Pursat» spektaklynda ýagdaý düýbinden başgaça boldy, has-da agyr. Magtymgulyny doly tanamak mümkin däl, ol bir Älem ýalydyr. Käwagt çekip bilmejek ýük alýan ýaly bolýardyk. 

Spektaklyň soňunda Magtymguly garaňkyda pes diwaryň üstünden geçýär. Biz režissýor bilen bu sahna arkaly tomaşaçylara: Magtymgulynyň her ädimi, durmuş bilen ölümiň arasynda edilen ädimdigini, bu bolsa durmuş bilen ölümiň arasyndaky bir pursatdygyny görkezmek isledik.

«Pursat» spektaklyny köp tomaşaçy täzeden gelip gördi. Hakykatdanam, režissýoryň pikirlerini düşünmek üçin bu spektakly birnäçe gezek görmeli. Şeýle bolsa-da, şahyryň keşbi has düşnükli boldymy? Ähtimal, ol has-da syrly keşbe öwrüldi.