Ï Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular

view-icon 6574
Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular
Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular
Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular
Türkmen karateçileri Aziýa çempionatynda iki bürünç medala mynasyp boldular
camera-icon
«AA»-nyň habarçysy

Hytaýyň Şaoguan şäherinde geçen 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda 23-nji Aziýa çempionatynda türkmen karateçileri üstünlikli çykyş edip, iki bürünç medala eýe boldular.

Guandun welaýatynyň şäher etrabynda Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) we Aziýanyň karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 döwletiň 498 türgeni gatnaşdy.

WKF (World Karate Federation) yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.

Aziýanyň karate boýunça birinjilikde Türkmenistanyň ýygyndy topary 8 türgenden ybarat boldy. Olaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanly türgenleriň arasynda birinji bürünç medala Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 16–17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 55 kilogram agram derejesinde geçirilen kumite boýunça ýaryşda gazandy.

Bäsleşigiň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ikinji bürünç medala Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Garamämmet Garamämmedow eýe boldy. Ol bu medaly 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 60 kilogram agram derejesinde geçirilen kumite boýunça ýaryşda gazandy.

Häzirki wagtda türgenleriň ikisem Türkmenistanyň milli karate ýygyndy toparynyň düzüminde gara guşagyň bäşinji danynyň eýesi bolan baş tälimçi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşiklerini dowam etdirýärler.

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçen ýyl geçirilen 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda karate boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri üç bürünç medala eýe boldular. Bu üstünliklere ýetmekde Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew kadetleriň arasynda 57 kilogram agram derejesinde kumite boýunça çykyş edip, baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle hem, 21 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew we 75 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow bürünç medallaryň eýeleri boldular.