Ï Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy Mary şäherine geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy Mary şäherine geçýär

view-icon 2496
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy Mary şäherine geçýär
camera-icon
tff.com.tm

Şu gün Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Mary welaýat tapgyryna badalga berilýär.

Ýurdumyzyň çempiony diýen at ugrunda alty sany futzal toparynyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» Aşgabat şäherine, ikisi, ýagny «Deňizçi» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT topary Balkan welaýatyna, «Ahal» bolsa Ahal welaýatyna degişlidir.

Ýaryşyň düzgününe laýyklykda, gatnaşyjylar dört aýlaw boýunça biri-biri bilen duşuşyk geçirip, noýabr aýynda ýeňijini kesgitlärler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, milli birinjilige gatnaşyjylar Mary şäherinde üç tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler.

Mundan öňki alty tapgyr Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirildi. Iň soňky, 13-nji tapgyrda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Köpetdag» topary ýakyn yzarlaýan «Ahal» toparyndan 5:2 hasabynda üstün çykyp, öňdäki ornuny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň öňki çempiony «Deňizçi» topary bolsa «Migrasiýa» toparyndan garaşylmadyk ýagdaýda 1:3 hasabynda ýeňildi. «Senagatbank» topary bolsa TNGIZT toparyndan 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Mary welaýat tapgyrynyň badalga aljak 14-nji tapgyrynyň öň ýanynda «Köpetdag» toparynyň 31 utugy bar. Öňbaşçydan «Ahal» topary 11 utuk yza galyp, ikinji orny eýeleýär. Üçünji orunda barýan «Deňizçi» toparynyň 19 utugy bar. «Senagatbank» topary – 18 utuk, «Migrasiýa» topary bolsa 15 utuk bilen hasaba alyndy. Ýaryş sanawyny TNGIZT topary 7 utuk bilen jemleýär.

14-nji tapgyrda «Senagatbank» – «Deňizçi», «Ahal» – TNGIZT, «Köpetdag» bolsa «Migrasiýa» toparlary bilen duşuşarlar.