31.03.2023
3193
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.03.2023
3039
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.03.2023
10121
Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi
“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi.
31.03.2023
6416
Pudagara topar Aşgabatdaky zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljerer
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 1152-nji Buýrugyna laýyklykda, Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezini gurmak üçin Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda bölünip berlen ýer böleginiň çäginden geçýän zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
31.03.2023
10502
Zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy.
31.03.2023
5812
Tehniki uniwersitetleriň Assosiasiýasynyň agzalygyny tassyklaýan resminamalaryň asyl nusgalary gelip gowuşdy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
31.03.2023
12879
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Açyk gapylar güni başlandy
Her ýyl geçirilýän däbe görä, häzirki ýaz günlerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler - 2022-2023-nji okuw ýylynyň uçurymlary we ýurduň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin Açyk gapylar güni başlandy.
31.03.2023
7333
Türkmenistanyň ýygyndy topary BAE-niň «United» futbol klubuny ýeňdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Şarja şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda BAE-niň «United» klubuny 3:1 hasabynda utdy.
31.03.2023
5376
Türkmenistan haýyr-sahawat görkezijileri boýunça Merkezi Aziýada öňdäki orunda durýar
Türkmenistan World Giving Index (WGI)-iň 2023-nji ýylda neşir edilen ýyllyk hasabatynda haýyr-sahawat boýunça dünýäniň 126 ýurdunyň arasynda ilkinji 20-lige girdi.
30.03.2023
7687
Obasenagat toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady
Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.