Her ýyl geçirilýän däbe görä, häzirki ýaz günlerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler - 2022-2023-nji okuw ýylynyň uçurymlary we ýurduň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin Açyk gapylar güni başlandy.
Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary hem-de beýleki dalaşgärler üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary hünäre ugrukdyryş çärelerini geçirdiler.
Açyk gapylar gününe gatnaşyjylar institut bilen tanyşdylar, onda bu ýokary okuw mekdebiniň, fakultetleriniň we kafedralarynyň okuw ugurlary, institutyň gyzykly durmuşy barada giňişleýin maglumat berildi. Geljekki dalaşgärler üçin okuw binalaryna, otaglaryna, barlaghanalara, sport meýdançalaryna we döredijilik ussahanalaryna gezelenç guraldy.
Çäräniň myhmanlary hem, öz gezeginde, institutda öwredilýän hünärler, onuň taryhy we gazananlary bilen içgin gyzyklandylar. Institutyň wekilleriniň gürrüňlerinden başga-da, surat we wideo materiallary, şeýle hem gysga metražly filmler görkezildi.
Goşmaça maglumatlar 28-18-53, 28-18-05 telefon arkaly elýeterlidir. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby, Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.
Şu ýylyň 25-nji aprelinde sagat 15-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty paýtagtymyzdaky 21-nji, 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryny Açyk gapylar gününe çagyrýar. 8-nji maýda sagat 15:00-da ýurdumyzyň instituta girmek isleýän ýaş raýatlary - orta hünärment mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby gulluk geçýänler, pudaklarda işleýänler we Ýokary diplomatiýa mekdebinde okamak isleýänler bu ýere çagyrylýar.
Institutyň myhmanlary üçin Açyk gapylar gününde hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirimegi hem-de ylym we bilim pudagyndaky özgertmeler barada wideofilm görkeziler. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri çärä gatnaşyjylara institutda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary barada gürrüň bererler we olaryň soraglaryna jogap bererler. Myhmanlar kompýuter, lingafon we interaktiw okuw otaglaryna, sinhron terjime otaglaryna, Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine, okuw studiýasyna, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezine we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezine baryp görerler.
Paýtagtymyzdan we Ahal welaýatyndan gelen myhmanlar Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýyna çagyrylýar. Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.
Welaýatlarda ýaşaýan geljekki dalaşgärlere Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri bilen boljak hünäre ugrukdyrmak boýunça gyzykly duşuşyklar:
10-njy we 24-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bölüminde (Balkan welaýaty);
11-nji we 25-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda (Daşoguz welaýaty);
12-nji we 26-njy aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda (Lebap welayaty);
13-nji we 27-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (Mary welayaty) geçiriler.