mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

24.02.2023

total-veiw

4385

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


24.02.2023

total-veiw

7692

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebit önümleriniň saklanylyşyna we rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiliginiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine şu konserniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny bellenen tertipde konserniň göni garamagyna almak hem-de ony «Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy» diýip atlandyrmak tabşyryldy.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

3468

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


news-photo

24.02.2023

total-veiw

3878

Türkmenistanyň Prezidenti Malta Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malta Respublikasynyň Prezidenti Jorj Wella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

4021

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza 2023-nji ýylda berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

5918

Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy

Şu gün ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

6234

Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

6773

Türkmenistanyň ýaşuly dermatology – doktor Trozýans

Ol XX asyryň başynda mergi, gyrgyn ýaly kesellere garşy durmak we deri-wenerologiýa kesellelerini bejermek ýaly Türkmenistanyň lukmançylygynyň düýpgöter täze ugrunyň düýbüni tutujylaryň biri hökmünde taryha girdi.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

4834

Antonio Onorato: italiýan saz medeniýetiniň ussady

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda italýan kompozitory we gitaraçysy Antonio Onoratonyň Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.

news-photo

24.02.2023

total-veiw

7501

«Galkan» hokkeý boýunça sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

Türkmenistanyň yzygiderli çempiony bolýan «Galkan» hokkeý kluby ýene ýurdumyzyň iň güýçli topary adyna eýe bolmaga başardy. 

...3239