Ï «Galkan» hokkeý boýunça sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkan» hokkeý boýunça sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

view-icon 5202
«Galkan» hokkeý boýunça sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

Türkmenistanyň yzygiderli çempiony bolýan «Galkan» hokkeý kluby ýene ýurdumyzyň iň güýçli topary adyna eýe bolmaga başardy. Içeri işler ministrliginiň sport klubunyň hokkeýçileri Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň «Watançy» toparyny 8:1 hasabynda üstün çykyp, milli çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda şeýle derejä ýetdiler.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Milli hokkeý federasiýasynyň guran ýurdumyzyň 8-nji çempionaty 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda başlandy. Milli çempionatyň medallary ugrunda «Galkan» we «Watançydan» başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan», IIM-niň institutynyň «Nesil» we Serhet goşunlary institutynyň «Merdana» hokkeý klublary dört aýlawly ýaryşda bäsleşýärler. Çempionatyň oýunlary 2014-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky oýunlar sport merkeziniň buz meýdançasynda geçirilýär.

«Galkan» hokkeý boýunça 8-nji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. IIM-niň klubunyň we milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Baýram Allaýarow ýeňiji topary bu üstünlige ýetirdi.

IIM-niň klubunyň hokkeýçileriniň ýeňşi tötänleýin däldir. Ýurdumyzyň çempiony bolan toparyň oýunçylarynyň 95 göterimi milli toparyň oýunçylarydyr, ýygyndymyz ýakyn wagtda şu ýylyň 17-23-nji apreli aralygynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek «A» toparyň üçünji diwizionynda dünýä çempionatyna taýýarlygyň soňky tapgyryny geçirer.

«B» toparyň ikinji diwizionynda bäş ýurduň: Lýuksemburgyň, Tailandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary ýaryşa gatnaşmak ugrunda bäsleşerler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji oýnunda 17-nji aprelde çempionatyň meýdança eýeleri - Günorta Afrika Respublikasynyň topary bilen duşuşar. 18-nji aprelde Baýram Allaýarowyň şägirtleri Lýuksemburgyň, 20-nji aprelde - Tailandyň we 22-nji aprelde Taýwanyň ýygyndylaryna garşy oýnar.