14.02.2023
4112
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
14.02.2023
3639
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.02.2023
3936
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilegden ynanç hatyny kabul etdi.
14.02.2023
8070
Watanymyzy okgunly ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri
Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýan eden oýlanyşykly strategiýasy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
14.02.2023
6228
Türkmenistan we Eýran medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürýärler
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
14.02.2023
6092
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine-2023 gatnaşdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda Bütindünýä hökümet sammiti-2023 geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
14.02.2023
6278
Ýurdumyzda ýagyşly we bulutly howa bolar
Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy +5… +17 gradus maýlar.
14.02.2023
10614
Türkmen döwlet gurjak teatry çagalary täze spektakl bilen begendirdi
«Bagjykly we bagjyksyz» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişi Türkmen döwlet gurjak teatrynda uly üstünliklere eýe boldy.
14.02.2023
12027
Türkmen tomaşaçylary üçin Eýranyň folklor toparlarynyň aýdymlary we tanslary
Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Runak» we «Çiksaý» aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi.
14.02.2023
4805
Aşgabatda italýan kompozitory we gitaraçy Antonio Onoratonyň konserti geçiriler
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen meşhur italýan kompozitory we gitaraçy Antonio Onoratonyň çykyşyny gurar.