14.08.2026
5619
«Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen «Hory öwreniş» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi.
14.08.2026
5007
Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy
Berlin şäherinde «Young Euro Classic» at bilen ýaşlar simfoniki orkestrleriniň XXVII halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ýaş sazandalaryň döredijiligini halkara giňişliginde görkezýän dünýäniň iri medeni çäreleriniň biridir.
14.08.2026
5632
Türkmenistanly türgenler Harbin şäherinde geçirilen şort-trek boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar
Hytaýyň Harbin şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Halkara konkide typmak birleşigi (ISU) tarapyndan bilelikde guralan şort-trek boýunça Aziýanyň ýaşlar türgenleşik ýygnanyşygy geçirildi. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Aziýanyň dürli ýurtlaryndan ýaş türgenleri we tälimçileri bir ýere jemledi.
14.08.2026
2128
Türkiýäniň ilçisiniň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli kabul edişlik dabarasy geçirildi
Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
14.08.2026
4418
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
13.08.2026
4594
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli ylym ulgamyny ösdürmek strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
13.08.2026
4657
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
13.08.2026
6288
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen futbol topary öňde boljak jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýär.
13.08.2026
5072
Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Toýlary toýlara ulaşýan berkarar türkmen Diýary beýik zähmet ýeňişlerini baýdak edinip, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar.
13.08.2026
5395
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Germaniýada nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Guzyçyýewa Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) grantyna eýe bolup, Germaniýada bir aýlyk tomusky çuňlaşdyrylan «Hochschulsommerkurse» halkara maksatnamasy boýunça bilim almaga mümkinçilik gazandy.