Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Guzyçyýewa Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) grantyna eýe bolup, Germaniýada bir aýlyk tomusky çuňlaşdyrylan «Hochschulsommerkurse» halkara maksatnamasy boýunça bilim almaga mümkinçilik gazandy.
Halkara taslamanyň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan talyplaryň daşary ýurt dilini öwrenmek derejesini ýokarlandyrmak, şeýle-de gatnaşyjylary Germaniýanyň medeni mirasy, milli däp-dessurlary we häzirki zaman ylmy-bilim ulgamy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl bu maksatnama dünýäniň 150-ä golaý ýurdundan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi.
Okuw tejribesiniň dowamynda talyplar nemes diliniň grammatikasynyň we sözlüginiň esasy bölümlerini öwrenýärler. Akademiki ýazuw, sözleýiş aragatnaşyk endiklerini ösdürmek, edebi aýdylyş kadalary we diňläp düşünmek boýunça ýörite sapaklara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda diliň we medeniýetiň gurşawyna doly aralaşmak arkaly geçirilýän okuwlar bilimleriň netijeli özleşdirilmegine ýardam berýär.
Dil taýýarlygy bilen bir hatarda, maksatnama ýurt öwreniş sapaklaryny hem öz içine alýar. Olaryň çäklerinde Germaniýanyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ykdysady üstünlikleri we durmuş ýagdaýy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Okuwdan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurduň taryhy merkezlerine we şäherlerine gezelençler, muzeýlere hem-de medeni-aň-bilim edaralaryna baryp görmek ýaly çäreler guralýar. Bu bolsa gatnaşyjylara Germaniýanyň däp-dessurlary we ýerli ilatyň gündelik durmuşy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle halkara maksatnama gatnaşmak talyplar üçin diňe bir dil taýýarlygyny kämilleşdirmegiň däl, eýsem, geljekki ylmy we hünär ösüşine möhüm goşant goşmagyň hem ajaýyp mümkinçiligidir.
Dürli ýurtlardan gelen talyplaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde bolmagy täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara gatnaşyklary berkitmäge, medeniýetara aragatnaşygy, gatnaşyjylaryň dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeltmäge ýardam edýär.