Ï Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy

view-icon 36
Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy

Berlin şäherinde «Young Euro Classic» at bilen ýaşlar simfoniki orkestrleriniň XXVII halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ýaş sazandalaryň döredijiligini halkara giňişliginde görkezýän dünýäniň iri medeni çäreleriniň biridir.

9-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda «Konzerthaus» sahnasynda baý mazmunly saz maksatnamasy bilen çykyş etdi. Maksatnama türkmen nusgawy kompozitory Çary Nurymowyň fortepiano we orkestr üçin konsertini, Weli Muhadowyň «Meniň Watanym» atly simfoniki eserini, Nury Halmämmedowyň ajaýyp «Türkmenistan» atly simfoniki eseri, şeýle hem «Aýgytly ädim» we «Keçpelek» kinofilmlerinden meşhur sazlary öz içine aldy.

Türkmen nusgawy kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda, orkestr daşary ýurtly häzirki zaman awtorlarynyň eserlerini hem ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda amerikan kompozitory Aýdan Goldyň orkestr üçin «Songs from Turkmenistan» («Türkmenistanyň aýdymlary») atly konserti, fransuz kompozitory Pýer Tiluanyň Türkmenistana eden saparyndan we türkmen milli saz gurallarynyň özboluşly owazyndan ylhamlanyp döreden «Diable qui danse» («Tans edýän ruh») atly eseri bar. Şeýle hem sazandalar meksikaly kompozitor Arturo Markesiň meşhur «Danzón №2» eserini ýerine ýetirdiler.

Ýewropaly tomaşaçylar Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşyny uly ruhubelentlik bilen garşylap, dowamly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Daşary ýurt metbugaty zehinli ýerine ýetirijiligi bilen bir hatarda, orkestriň ýaş zenan sazandalarynyň milli lybaslaryna hem aýratyn üns berdi. Olar türkmen milli lybaslaryndan ylham alnyp taýýarlanan nepis zümerret reňkli ýaşyl köýneklerde çykyş etdiler. Şeýlelikde, konsertiň saz we wizual mazmuny maksatnamanyň milli öwüşginini sazlaşykly beýan etdi.

Konsertiň tamamlanmagyndan soňra festiwalyň guramaçylary we guramaçylyk komitetiniň wekilleri geljekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirip, tomaşaçylaryň uzak wagtlap el çarpyşmalarynyň türkmen saz sungatyna berlen ýokary bahanyň nyşany bolandygyny bellediler.

«Young Euro Classic» atly Ýaşlar simfoniki orkestrleriniň halkara festiwaly Germaniýanyň paýtagtynda 31-nji iýuldan 16-njy awgusta çenli geçirilýär. Her ýyl tomus möwsüminde geçirilýän bu festiwal Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we dünýäniň beýleki sebitlerinden zehinli ýerine ýetirijileri bir ýere jemleýär.

Şu ýyl festiwala Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň, Portugaliýanyň, Sloweniýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň, Lýuksemburgyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň we Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestrleri, şeýle hem Täjigistanyň, Wýetnamyň, Argentinanyň, Marokkonyň we Müsüriň halk saz gurallary orkestrleri gatnaşýar.

Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň «Young Euro Classic» festiwalyndaky çykyşy ýaş sazandalaryň döredijilik taýdan kämilleşmeginde möhüm waka boldy. Bu halkara çärä gatnaşmak medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we milli sazçylyk mekdebiniň halkara hünär jemgyýetindäki abraýyny has-da berkitmäge mümkinçilik berdi.