12.08.2026
4315
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
Sizi Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.08.2026
4591
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, onuň iri halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.
11.08.2026
3323
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystanynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy geçirildi.
11.08.2026
5782
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirýändigini yglan etdi.
11.08.2026
5578
«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl boldy
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň hemişelik sergileriniň birinde «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eser ýerleşdirilendir. Onuň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmet Mämmedowdyr.
11.08.2026
4015
«Arkadag» futbol topary ýokary netije bilen ýeňiş gazandy, «Altyn asyr» topary bolsa paýtagt duşuşygynda ýeňiji boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky çempionatda üçünji aýlaw başlandy. 15-nji tapgyryň duşuşyklary janköýerlere köp golly oýunlary, duşuşygyň öňde barýanlarynyň ynamly ýeňişlerini we oýunlaryň soňky minutlaryndaky durnukly çözgütleri peşgeş berdi.
11.08.2026
4608
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
11.08.2026
3338
Türkmenistanyň Astanadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Gazagystan Respublikasynyň Senatlar geňeşiniň agzasy, hormatly aksakal Omurzak Ozganbaýew bilen duşuşyk geçirildi.
11.08.2026
3420
Mekdep bazarlarynyň işi ýokary derejede guralýar
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, onuň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda-da mekdep bazarlarynyň işi uly üstünliklere beslenýär.
11.08.2026
5626
Mekdep bazarlarynyň işi ýokary derejede guralýar
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, onuň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda-da mekdep bazarlarynyň işi uly üstünliklere beslenýär. Welaýatyň ähli etraplarydyr şäherlerinde birkemsiz ýola goýlan mekdep bazarlarynyň, göçme söwda nokatlarynyň müşderileriniň ýetik bolmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň barha ýakynlaşyp gelýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze okuw ýylyna ählitaraplaýyn taýýarlyk görülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.