05.12.2025
8516
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
05.12.2025
4231
Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda has-da özgerdi
Ýakyn wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy, maslahatlar, duşuşyklar, sergiler we medeni çäreler geçiriler. Bu wakalaryň ählisi parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy mowzugy bilen birleşendir.
05.12.2025
4334
Hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy Balkan topragynda belentden ýaňlanýar
Ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan toýlanylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralarydyr göwün göteriji çäreleri çäksiz şatlyk-şowhuna, ruhy galkynyşa, aýratyn ähmiýete beslenýär.
05.12.2025
4266
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2025» dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça neşir edilen uniwersitetleriň «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi.
05.12.2025
4622
Türkmenistanly talyplar Moskwada matematika boýunça halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 25–30-njy noýabr aralygynda Moskwada Patris Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan matematika boýunça halkara olimpiadasynda (RUDN MATH OLYMP-2025) üstünlikli çykyş etdiler.
05.12.2025
4772
Senagat galyndylardan ýasalan kükürt polimer betonyň täze häsiýetleri barada ylmy iş çap edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiki parkynyň wekiliýeti 27–28-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen wibro inženerçilik boýunça 74-nji halkara maslahata gatnaşdy.
05.12.2025
2747
Merkezi Aziýa sebitleýin durnuklylygy berkitmekde uly ösüşleri görkezýär
Merkezi Aziýa soňky döwürde sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm üstünliklere eýe boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow 5-nji dekabrda Aşgabatda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenmegine bagyşlanan brifingde aýtdy.
05.12.2025
1924
Ýaşlarda jemlenen güýç-kuwwat döwletimiziň gülläp ösüşiniň açarydyr
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) we onuň Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki maslahaty bolup geçdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
04.12.2025
5640
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
Şu ýyl her bir türkmenistanly üçin mukaddes hasaplanýan şanly senä — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär.
04.12.2025
5740
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.