05.12.2022
3648
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
05.12.2022
6985
Hukuk goraýjy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Adalatçynyň diwany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly durmuşa geçirýän taslamasynyň çäklerinde «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar bilen iş alyp barmaklygyň ýörelgeleri» atly okuw maslahaty geçirildi.
05.12.2022
8580
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Oskar» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Paýtagtymyzdaky Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda goýlan «Oskar» gülküli oýnunyň ilkinji görkezilişi bolup, tomaşaçylaryň arasynda uly üstünlik gazandy.
05.12.2022
3818
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.
05.12.2022
4361
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
05.12.2022
5432
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.12.2022
3549
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.
05.12.2022
5875
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty
Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.
05.12.2022
5619
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
05.12.2022
7836
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşmaga Kolumbiýa ugradylar
Kolumbiýanyň paýtagtynda 5 – 16-njy dekabr aralygynda geçiriljek Agyr atletika boçýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenisatnyň ýygyndy topary Stambulyň üsti bilen Bogota ugrady. Bu çempionat erkekleriň arasynda 87-nji we zenanlaryň arasynda şanly 30-njy ýaryş bolar.