18.11.2025
4751
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
17.11.2025
5596
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
17.11.2025
4063
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna barylýan taryhy günlerde Size Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Garaşsyz döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, dostlukly döwletler bilen halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we täze derejelere çykarmak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
17.11.2025
3622
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Malaýziýanyň Parlamentinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.11.2025
4232
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
17.11.2025
4401
Türkmenistan bilen Özbegistan muzeý ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
13-15-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresinde milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi.
17.11.2025
3432
2025-nji ýylyň Halkara startaplar forumy türkmen ýaşlarynyň IT ulgamyndaky mümkinçiliklerini açyp görkezdi
14-nji noýabrda «Iş Nokady» kowerking merkezinde BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde «Türkmentel – 2025» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde 2025-nji ýyl üçin Halkara startaplar forumynyň ikinji güni geçirildi.
17.11.2025
3461
Hepdäniň dowamynda maýyl howa bolar
17-23-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda maýyl howa bolar. Gündizki howanyň temperaturasy +25 gradusa çenli ýokarlanar.
17.11.2025
3965
Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda türkmen grossmeýsteri ýeňiji boldy
Türkiýede geçirilen Mersin şäher häkimliginiň IX halkara küşt ýaryşynda Türkmenistanyň halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew ýeňiji boldy.
17.11.2025
3935
«Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslama bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi tamamlandy.