05.11.2025
4751
Awazada «CIET 2025» tamamlandy: innowasiýalar, maýa goýumlar we Türkmenistanyň geljegine ynam
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň gazananlarynyň we halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudagynyň ösüşi» atly halkara maslahat we sergi («CIET 2025») öz işini tamamlady.
05.11.2025
4492
Mary welaýatynda gün energiýasy bilen işleýän suw basyşyny göterýän desga oturdyldy
Murgap jülgesinde 150 metrden gowrak çuňlukdaky guýudan suw çykarýan nasosy elektrik energiýasy bilen üpjün etjek gün elektrik desgasy ulanmaga tabşyryldy. Täzelenýän energiýa çeşmesiniň bu guýa birikdirilmegi GIZ-iň maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Enjamyň gurnama we sazlama işlerini «Gerçek gala» we «Täze energiýa» kompaniýalarynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
05.11.2025
4607
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 10-njy sany okyjylar köpçüligine ýetirildi. Ýurdumyzda oktýabr aýynda bolup geçen esasy wakalar we olara türkmen ýaşlarynyň seslenmesi neşiriň täze sanynyň süňňüni düzýär.
05.11.2025
3300
Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidiumynyň edara binasynda geçirilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy.
04.11.2025
5651
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
04.11.2025
2899
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
04.11.2025
4631
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda durnukly ösüşi gazanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasat aýdyň beýanyny tapdy.
04.11.2025
3489
Türkmenistanyň DIM-de Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.11.2025
3678
Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady
Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda dowam etjek Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady.
04.11.2025
4655
Türkiýede Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy
2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ýazyjylar birleşmesiniň binasynda Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň Türkiýe Respublikasyndaky hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.