20.01.2022
6019
Döredijilik ylhamynyň joşguny suratlarda
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi türkmen nakgaşlarynyň arasynda döredijilik işjeňligini döretdi. Muzeýlerde, sergi merkezlerinde we çeperçilik galareýalarynda žiwopis işleriniň sergileri açylýar.
20.01.2022
6616
Türkmen sirkiniň taryhyndan
Türkmenistanyň sirkiniň taryhynda öçmez yz galdyran, ilkinji türkmen çapyksuwar zenany Sona Berdiýewa şu ýyl ol 92 ýaşamalydy.
20.01.2022
8018
Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçiren nobatdaky metbugat duşuşygynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral pandemiýa çäklendirmelerine garamazdan, geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny belledi.
20.01.2022
8823
Türkiýäniň «Anadolu» agentligi Türkmenistanda wekilhanasyny açdy
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi.
19.01.2022
8443
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
19.01.2022
11881
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi.
19.01.2022
37965
«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gara we ak reňkli planşetleriň 2,5 müň sanysyny öndürdi.
19.01.2022
13849
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Goý, Zaman atly taýçanak Watanymyzyň täze eýýamyň beýik maksatlaryna ýetmeginde bedew badynyň nyşany bolsun!
Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň öňüsyrasynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanagyň doglandygy baradaky buşluk habaryny eşidip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy.
19.01.2022
9713
«Garabogazkarbamid» zawody – täze ösüşleriň ýolunda
Şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alyp, geçen 2021-nji ýyly guwandyryjy zähmet netijelerine beslän kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň biri hem «Garabogazkarbamid» zawodydyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän bu iri senagat kärhanasynda ýetilen belent sepgitler täze 2022-nji ýylda gazanyljak üstünliklere-de pugta binýat bolup hyzmat edýär.
19.01.2022
7221
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly gowşuryldy
2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň duşuşygy geçirildi.