mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi

view-icon 4875

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi.

Diplomatiýa ýokary mekdebiniň taslamasy Türkmenistanyň diplomat hünärini saýlamaga höwesek ýokary synp okuwçylaryna niýetlenip guraldy hem-de çagalary hünäre gönükdirmäge, şeýle hem olaryň arasyndan zehinililerini gözlemäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň düzgünlerine görä, oňa ýokary synp okuwçylarynyň sekizisi gatnaşdy. Olar Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň mekdeplerinden 3 oglandan we 5 gyzdan ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşanlar öz bilim-düşünjelerini ulanyp, «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» mowzugyndan sowallara jogap bermelidiler.

Ozalky iki bäsleşikde bolşy ýaly, bu bäsleşik hem institutyň okuw binalarynyň birinde gurlan tükmeniň ak öýünde geçirildi. Guramaçylaryň, ussalaryň, etnograflaryň tagallasy bilen bu gadymy türkmen öýi milli dessurlaryň ählisine laýyk gurlupdyr. Oýnuň guramaçylarynyň pikirine görä, ol bäsleşigiň geçirilýän esasy ýeri bolmaly. Bu ýerde okuwçylar Oguz hanyň haly görnüşde dokalan sekizburç ýyldyzynyň burçunda hersi öz ornunda durýar. Bäsleşýänlere sowallar berilýär, olaryň jogaby diňlenilýär, her bir dogry jogap üçin Parahatlyk ýaýy we utuk berilýär, olar ädimme-ädim arzyly maksada we Oguz hanyň Ýyldyzynyň merkezine ýetmäge mümkinçilik berýär.

Birinji tapgyryň üçünji bäsleşiginde emin agzalarynyň pikirine görä, Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa bilen Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew öňe saýlandylar.

Olar bilimi, bäsleşige taýýarlygy, oňa işjeň gatnaşanlygy we ýeňşi üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas taslamasynyň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Mundan başga-da, olara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň adyndan planşet gowşuryldy. Oýna gatnaşanlaryň sekizisine-de çäräniň beýleki hemaýatkärlerinden sowgatlar we bäsleşigi guran ýokary okuw mekdebiniň adyndan sertifikatlar gowşuryldy.

Bu bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow hem-de uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrow dagy adalatly eminlik etdiler.

Ýokary synp okuwçylary üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny ýakyn günlerde «Miras» milli teleýaýlymynda görkeziler.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny şu ýylyň 15-nji fewralynda geçiriler. Onda sekiz oýunçydan ybarat täze topar bäsleşige gatnaşyp, olar Beýik Seljuklar döwletiniň daşary syýasaty hem-de diplomatiýasy barada bilimlerini görkezerler.